A.Ataýewa Angolanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili bilen duşuşdy

A.Ataýewa Angolanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili bilen duşuşdy

13-nji iýunda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa Angola Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili jenap Kruz Fransisko Hose Da bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara guramalaryň, aýratyn hem BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen Angolanyň arasyndaky özara gatnaşyk barada pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar öňüni alyş diplomatiýasy, parahatçylyk we howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreş, howanyň üýtgemegi we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatynda 2030-njy ýyl üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi ýaly möhüm ugurlarda iki ýurduň öňe süren pozisiýalarynyň, daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň we başlangyçlarynyň diýseň meňzeşdigini bellediler. Hemişelik wekiller ýaşlaryň we zenanlaryň bu işlere gatnaşmagynyň möhümdigini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bellenilen ugurlarda tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler we maglumat alyşmak, halkara platformalarda çäreleri utgaşdyrmak we bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek, yzygiderli gepleşik we has netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek üçin milli hökümetleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we göni aragatnaşyk ugurlaryny döretmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem dürli derejedäki saparlary we ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Angola Türkmenistanyň baştutanlygynda BMG-niň çäginde döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň agzasy bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Angola Türkmenistanda täze ilçi belledi
Angolanyň täze bellenen ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Angolanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Angola dünýäniň kofe bazaryna dolanýar
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlaryň ilkinji onlugynda
Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy