A. S. Puşkin adyndaky teatryň işleri Astrahanyň we Wolgogradyň sahnalarynda görkeziler

A.S.Puşkin adyndaky rus Döwlet drama teatry 23--24-nji noýabrda Wolgogradda we 26—27-nji noýabrda Astrahanda iň gowy spektakllaryny görkezer.Russiýaly tomaşaçylar teatryň iň şowly oýunlarynyň biri - Biz hökman duşuşarys oýnuna tomaşa ederler.

Ony Gowşutgeldi Daňatarow bilen Serdar Nepesowyň Pereňli pýesasy boýunça Aşyrmuhammet Rahmanow sahnada goýdy.Dramaturglar Atajan Taganyň Keseki powestini esas edip aldylar, onda XIX asyryň ortasynda hakykatdanam bolan waka beýan edilýär.

Eser we onuň sahna beýany medeniýetleriň gatnaşygynyň hem-de özara düşünişmek etikasynyň möhümligine ünsi çekýär. Ýaşajyk tomaşaçylara niýetlenip görkeziljek Böwenjik oýny türkmen halkynyň folklor ýörelgeleri bilen tanyşdyrar.Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň RF-iň iri sebitleri bilen köpugurly özara hereketini işjeňleşdirmek rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähtden golaýda Aşgabatda geçirilen halkara bilim-sport forumynyň jemleri boýunça M.

Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Astrahan döwlet medisina uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama, şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilenWolgograd döwlet sosial-pedagogika uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek.

Häzirki okuw ýylyndan başlap, Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde türkmen dili okadylyp başlandy, Astrahan döwlet uniwersitetinde bolsa Russiýada ilkinji Türkmen medeniýeti we dili merkezi açyldy.

Ýene degişli makalalar

16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
Hazaryň suwunyň çekilmegi rekord derejede dowam edýär
Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar
Türkmenistandan Orsýetiň Wolgograd oblastyna göçýänleriň sany bir ýylda 81% köpeldi
Türkmenistandan daşary ýurtlara iş gözläp gidýän köpelýär