Abraý, borç we atyňa sadyklyk barada sahna oýny

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişiniň üçgünlüginiň çäginde A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Ýelden ýyndam atly sahna oýnuny görkezdi.Režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran eseriniň awtory dramaturg Wladislaw Dawydow bu dramany türkmen aňyýetine çuňňur düşünmek bilen, ony örän inçeden yzarlap ýazypdyr.

Baş gahryman Seýis aganyň aýdan her bir sözünde hikmet bar.Seýis aganyň owadanlykda we ýüwrüklikde deňsiz-taýsyz Kuwwatly atly aty bar eken.Bir iňlis adamyň ata göwni gidýär we ol aty satyn almakçy bolýar.

Bir iňlis zenana aşyk bolan terjimeçi Ýelken jenap Jonuň arzuwyny amala aşyrmaga ýardam etmekçi bolýar. Ýelken ata aşa köp pul hödürleýär, ýöne Seýis aga onuň teklibini ret edýär.Seýis aganyň öýüne goňşy zenan gelip, ondan ýesir düşen oglunyň deregine atyny iňlis adama bermegini haýyş edýär.

Sen menden bolmajak zady soraýarsyň. Özüň ogluňy başga biriniň öwezine bererdiňmi?Atym meniň abraýym.Her gezek atyňa gözüň düşende, meniň oglumyň agysyny eşidersiň!diýip, goňşusy oňa gargyş edip, eli boş gaýdýar.

Spektaklyň birinji bölegi örän dramatik sahna bilen tamamlanýar. Ýelken aty alyp gaçmakçy bolýar, ýöne Seýis aga ony ogurlygyň üstünde tutýar.Olar tutluşýarlar, netijede goja ölýär.Muny gören at Ýelkeniň üstüne topulyp, ony toýnak astyna alýar.

Waka şol ýerde tamamlanyp hem bilerdi, emma spektaklyň dowamy bar, tomaşaçy bu özüne çekiji we ýokary ahlakly sahna oýnuny görenden soň, muňa göz ýetirer.Kerim Ataýew (Seýis aga), Igor Abdrimow (Ýelken), Türkmenistanyň at gazanan artisti Swetlana Troitskaýa (goňşy zenan), Mariýa Durdyýewa (Seýis aganyň gyzy), Swýatoslaw Lawin we Aýlar Baýramowa (iňlis adamlar) dagy özlerine ynanylan keşpleri ajaýyp ýerine ýetirdiler.

Tomaşaçylar bu sahna oýnuny tüýs ýürekden kabul etdiler.Spektakldan soň aktýorlar hoşlaşmak üçin sahna çykanlarynda, ilkinji bolup Kuwwatly atly at çykdy.Bu düşnükli, çünki ol Seýis aga bilen bilelikde spektaklyň baş gahrymany ahyryn.

Režissýor Baýram Garajaýew sahna oýny barada gürrüň berende, şeýle diýdi: Bu sahna oýny aktýorlara şeýle bir ylham berdi welin, olaryň hemmesi öz wezipelerini kemsiz ýerine ýetirdiler. Ýeke-täk kynçylyk ýasama aty döretmek boldy.

Hakyky ata meňzeş bolan emeli aty döretmek aňsat iş däl eken.Bu spektaklyň uzak ýyllaryň dowamynda tomaşaçylaryň halaýan sahna oýunlarynyň biri boljakdygyna umyt edýäris.

Ýene degişli makalalar

01.11.2017 | Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
02.12.2017 | Aşgabatda önümçiligiň tehnologiýalarynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi
Iň ýyndam balyklar