ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Goldaw Berýär

ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Goldaw Berýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyga goldaw berýändiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, iki ýurduň arasyndaky parahatçylyk etaby hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Blinken, 1991-nji ýylda gol çekişilen Almaty jarnamasynyň, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda serhetleriň kesgitlenilmegi üçin ulanylmagyna kanagatlanma bildirdi.

Blinken, Aliýew we Paşinýan bilen Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri hakynda pikir alyşdy.

Blinken, ABŞ-nyň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýändigini belledi.

Aliýew bilen Blinken telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi, adam hukuklary, energetika we howa çalşygy meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Entoni Blinken, Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, ABŞ-nyň Ermenistanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Azerbaýjan-Ermenistan Gepleşikleri Başlady
Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-da saparda bolýar
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Nuland iş başyndan gidýär
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Bilen Duşuşdy