ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýadro gepleşikleriniň depgini güýçlendi

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýadro gepleşikleriniň depgini güýçlendi

Eýranyň ýokary derejeli howpsuzlyk ýolbaşçysy Omana bardy. Bu saparyň Tähran bilen Waşingtonyň ýadro meselesi boýunça geçirýän aýlawly gepleşikleriniň öňüsyrasynda guralmagy ünsleri özüne çekdi.

Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Ali Larijaniniň Omanyň Soltany Hüýsem bin Taryk we Daşary işler ministri Bedr bin Hamed a-Busaidi bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Eýranyň “İRNA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ali Larijaniniň saparynyň çäginde sebitara we halkara meseleler bilen birlikde Eýran bilen Omanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylar.

Ali Larijani anna güni Maskatda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda geçirlen aýlawly gepleşiklerden son Omana sapar guraýar.

ABŞ bilen Eýran iýun aýynda başdan geçirlen we ABŞ-nyň Eýrandaky üç ýadro desgasyna guran hüjümlerini hem öz içine alýan 12 günlük Eýran-Ysraýyl söweşinden soň saklanan gepleşikleriň çäginde ilkinji gezek anna güni Omanda aýlawly gepleşik geçirdi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Larijaniniň saparynyň çäginde gepleşik tapgyry, gepleşikleriň geçiriljek wagty we ýeri hakynda omanly ýolbaşçylar bilen pikir alyşmagyna garaşylýandygyny nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran-Oman Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji samiti geçirildi
Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleriniň Maskatda geçiren duşuşygynyň jikme-jiklikleri
Tähranyň berk habary: Raketalar we baýlaşdyrmak gepleşik geçirilmeýän gyzyl çyzykdyr
Yrak ýene-de Eýran-ABŞ gepleşiklerini goldaýar
Aragçi sionistleriň kanun bozmalarynyň netijeleri barada duýduryş berdi
Pezeşkiýan ABŞ bilen geçirilýän gepleşikleri Tähran üçin "öňe gidişlik" hökmünde häsiýetlendirdi