ABŞ-da dünýäde iň agyr kädi ösdürip ýetişdirdiler

ABŞ-da dünýäde iň agyr kädi ösdürip ýetişdirdiler

Amerikanyň Minnesota ştatyndan bolan bagçylyk mugallymy her ýyl geçirilýän kädi ösdürip ýetişdirmek boýunça ýaryşda ýeňiş gazandy diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýaryş Kaliforniýada bu ýyl 50-nji gezek geçirildi. Ýörite ýük göterijileri ulanyp, agyr kädini sanly terezä goýdular. Onuň agramy 1300 kilograma golaý boldy. Netijede, mugallym Trewis Jinjer iň agyr kädi ugry boýunça dünýä rekordyny goýdy. Oňa 30 müň dollar pul sylagy berildi.

Iň agyr kädini beýleki dört sany äpet kädi bilen bilelikde, 14-nji oktýabrda geçjek kädi festiwalynda görkezmekçi bolýarlar.

Ýene degişli makalalar

Terminator Aýazbaba boldy
“Altyn globus” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi
“TechWomen” maksatnamasy
Alymlar 2023-nji ýylda täze janly görnüşleriň 150-den gowragyny tapdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitaby çapan çykdy, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny iberdi, Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Sankt-Peterburga bardy we beýleki habarlar
Alymlar Antarktidadaky piramidanyň gelip çykyşyny düşündirdiler
Baýden Putine sögdi