ABŞ-da sowuk howa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

ABŞ-da sowuk howa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

CBS News kanaly tarapyndan berilen habara görä, ýurdy geçen hepde täsiri astyna alan we bu hepde hem dowam etmegine garaşylýan sowuk howa tolkuny sebäpli ýogalanlaryň sany 92 adama ýetdi.

Tennessi ştatynyň Saglygy goraýyş departamentinden berilen maglumata görä ştatda sowuk howa sebäpli 25 adam ýogaldy.

Oregon ştatynda 16 adam ýogalan bolsa, Illinoýs, Pensilwaniýa, Missisipi, Waşington, Kentukki, Wiskonsin, Nýu-Yorko, Nýu Jersi ýaly ştatlarda hem sowuk howa sebäpli ýogalan adamlaryň bardygy habar ebrildi.

Beýleki tarapdan meteorologiýa edarasynyň hünärmenleri sowuk howanyň bu hepde hem täsirini dowam etdirjekdigini belläp, esasan hem ýollarda gara we buza garşy hüşgär bolmak barada duýduryş berýärler.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iki ýaşynda okap bilýän gyzjagaz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Iki ýaşynda okamagy öwrenen gyzjagaz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi