ABŞ-da Türk Güni Ýörişi 20-njy Maýda Geçirler

ABŞ-da Türk Güni Ýörişi 20-njy Maýda Geçirler

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 1981-nji ýyldan bäri adaty ýagdaýda geçirilýän Türk Güni ýörişi 20-njy maýda geçirler.

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsullygynyň sosial mediadan beren habarnamasynda, Amerikada ýaşaýan türk raýatlaryna Türk Güni ýörişine gatnaşmaklary üçin çagyryş berildi.

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsuly Reýhan Özgür, “Respublikasymyzyň 100-nji ýylynda Türk-Amerikan jemgyýetleri federassiýasy tarapyndan 20-njy maýda şenbe güni Manhettende geçiriljek 40-njy adaty Türk Güni ýörişinde ähli raýatlarymyza garaşýarys” diýdi.

Adaty Türk Güni ýörişiniň Türk-Amerikan jemgyýetiniň jebisligi we arkalaşygy bilen ABŞ-nyň ykdysadyýete we medeniýete goşýan goşandygynyň artdyrylmagy taýdan möhümdigini ýatladan Özgür, çagalaryň we ýaşlaryň bu ýörişe gatnaşmagyna uly ähmiýet berýändiklerini ýatlatdy.

ABŞ-da türk diplomatlarynyň ermeni terror guramasy ASALA tarapyndan şehit edilmegine garşylyk görkezmek maksady bilen ilkinji gezek 1981-nji ýylda geçirlen ýöriş, soňky ýyllarda adaty ýagdaýa öwrülýär.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Berildi
BELENTLIGE GÖTERILEN AÝDYM
Türkmen Lideri ýaşlaryň arasyndan meşhur alymlaryň, taryhçylardyr arheologlaryň çykjakdygyna ynam bildirdi
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy