ABŞ-da ýaramaz howa şertleri dowam edýär

ABŞ-da ýaramaz howa şertleri dowam edýär

200 milliondan gowrak ABŞ-ly garly tupana garşy göreş alyp barýar.

Ýurduň 13 aýry ştatynda adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi.

Ülkäniň käbir sebitlerinde bolsa howanyň sowuklygy 45 gradusa çenli baryp ýetdi.

Garly tupan sebäpli käbir ýollar ulaglara ýapyldy.

Resmi beýannama berilmesede ABŞ-nyň metbugaty sowuk howa sebäpli ýurt derejesinde 26 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Takmynan 100 müň öýe entegem elektrik tok berilip bilinenok, nebit ýataklary doňdy.

Ýaramaz howa şertleri sebäpli 8 müňden gowrak uçar sapary goý bolsun edildi, 25 müňden gowrak uçar sapary yza süýşürildi.

Sowuk howa ýurduň Florida ştatyna hem baryp ýetdi.

Şu günden başlap ýurduň ençeme sebitinde howa şertleriniň kadalaşmaga başlamagyna garaşylýar.

Güýçli ýel we aşa gar Kanada döwletine hem ýaramaz täsir ýetirdi.

Ýurtda elektrik toklar kesildi. Otly saparlary goý bolsun edildi. Toronto şäherinde köp sanda uçar sapary goý bolsun edildi. Müňlerçe adam howa menzillerinde uçar saparlaryň ýaňadandan başlamagyna garaşýar.

Mejbur bolmadykça syýahat etmezlik barada duýduryş berildi.

Ýaponiýada hem sowuk howa sebäpli başdan geçirilen tebigy apatlarda we heläkçiliklerde 14 adam ýogaldy, 87 adam ýaralandy.

Ýollar ýapyldy, otly saparlary goý bolsun edildi.

Ýene degişli makalalar

Iň güýçli magnit
ABŞ-da artyk agramly gyz gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy
Floridada Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Fransiýada 30 müň garaleňňeç ýaşaýyş öýüne hüjüm etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Amerikanyň kubogy ― 2024: Argentina Messiniň goly bilen finala çykdy
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy