ABŞ, DAEŞ-Horasana Garşy Owganystanda Howa Hüjümini Gurady

ABŞ, DAEŞ-Horasana Garşy Owganystanda Howa Hüjümini Gurady

ABŞ, 26-njy awgustda penşenbe güni Kabuldaky halkara howa menziliniň golaýynda guralan terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan DAEŞ/Horasanyň ýolbaşçysyna garşy Owganystanda howa hüjümini gurandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň metbugat geňeşçisi Bill Urban beren ýazmaça beýannamasynda, “ABŞ-nyň ýaragly güýçleri DAEŞ/Horasanyň ýolbaşçysyna garşy serhetaşa terrora garşy göreş operasiýasyny geçirdi”diýdi.

Ady agzalýan operasiýanyň Owganystanyň Nangahar welaýatynda uçarmansyz howa ulaglary bilen geçirlendigine ünsi çeken Urban “Ilkinji kesgitlemelere görä nyşanany öldürdik. Asuda ilatdan ýitgi çeken bolmady” diýdi.

Göçürliş işleriniň güýçli depginde dowam edýän günlerinde Kabuldaky halkara Hamid Kerzeý howa menzliniň golaýynda penşenbe güni guralan hüjümde 13-i amerikan esgeri bolmak bilen 170-den gowrak adam ýogalypdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bolsa hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan DAEŞ/Horasana degişli jogabyň beriljekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

BELENT ÖSÜŞLERE we BAGTYÝARLYGA ÝETIREN ÝYLLAR
28.11.2017 | Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy
29.11.2017 | Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi