ABŞ Eýran Bilen Ylalaşyk Gazanylmandygyny Beýan Etdi

ABŞ Eýran Bilen Ylalaşyk Gazanylmandygyny Beýan Etdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Ned Praýsyň Abdullahiýanyň “Birnäçe gün ozal ylalaşdyk we Amerika tarapynda böndeçlik ýüze çykmasa gysga möhletde tussag çalşygynyň boljakdygyny pikir edýärin” diýen beýanatynyň nädogrudygyny aýtdy.

Praýs şol sözler hakynda “Perwaýsyz ýalanlardan biri. Şeýle ýalanlar maşgala agzalarynyň gussasyny artdyrýar. Eýranda nähak saklanan 2 amerikalynyň boşandylmagy üçin ýokary deredede tagalla edýäris. Şol raýatlar hossarlaryna gowuşýança elimizden geleni ederis” diýdi.

Abdullahiýan Eýranyň döwlet telýaýlymyna beren beýannamasynda, “Geçen ýylyň mart aýyndan bäri ABŞ bilen aýlawly gepleşikler arkaly resminama gol çekişildi we tassyklandy. İndi bolsa onuň iş ýüzüne geçirilmegi üçin şert döredildi. Biz tarapdan ähli taýýarlyklar görüldi, Amerikan tarapy tehniki utgaşyklar boýunça taýýarlyk görýär” diýipdi.

ABŞ-da Eýranyň käbir raýatlary sanksiýalaryň düzgünini bozandyklary sebäpli, Eýranda bolsa azyndan 3 Amerikan raýaty içalylyk günäkärlemesi bilen tussaglykda saklanýar.

Ýene degişli makalalar

Iordaniýa we Siriýa kontrabanda garşy serhet howpsuzlygyny berkitmek boýunça ylalaşdy
Türkiyäniň Daşary işler ministri BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Malaý edebiýaty
Yspartada Harby Dikuçar Heläkçilige Uçrady
Er-Riýadda COP16 açyldy
Müsür we Iordaniýa palestinalylar üçin bilelikde hereket eder