Nebitiň bahasy anna güni ABŞ-nyň Eýrana, Eýranyň hem Aýlag aýlag ýurtlaryna guraýan hüjümlerini artdyrmagyndan soň Ormuz bogazyndan nebitiň daşalmagynyň bökdelmegi we Gyzyl deňiziň ýapylmak howpy sebäpli ýokarlady.
Brent nebitiniň barrel bahasy halkara wagt boýunça 03.12-de 84,93 dollara çenli baryp ýetdi. Brent nebitiniň barrel bahasy 70 sent ýagny 0,83 göterim artdy.
ABŞ-nyň WTI çig nebitiniň barrel bahasy bolsa bolsa 81 sent ýagny 1,03 göterim artyp 79,76 dollara çenli baryp ýetdi.
Ýokardaky görkezijiler nebitiň bahasynyň şu hepde 12 göterim ýokarlandygyny açyk aýdyň görkezýär.
Brent nebiti üç hepdeden bäri yzygiderli ýagdaýda ýokarlaýar. WTI bolsa iki hepdeden bäri ýokarlaýar.
Halkara Energiýa gullugynyň Baş müdüri Fatih Birol energiýa howpsuzlygyna uly alada bildirýändiklerini aýtdy.
Penşenbe güni Waşingtonda geçirlen maslahatda çykyş eden Birol “Birnäçe hepdäniň dowamynda ýagdaý kadalaşman halatynda energiýa howpsuzlygy meselesi has-da çuňlaşar” diýdi.
Beýleki tarapdan Roýter habarlar gullugynyň beren habarynda Eýranyň ABŞ-nyň guraýan hüjümleri dowam eden halatynda Husilere Gyzyl deňiziň ýapylmagy üçin taýarlyk görmekleri barada görkezme berendigi nygtaldy.
