ABŞ Gresiýa 80,1 million dollarlyk harby enjam satar

ABŞ Gresiýa 80,1 million dollarlyk harby enjam satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Gresiýa “Switjhblade 300 Blok 20” kysymly uçarmansyz howa ulaglarynyň satylmagyny tassyklady.

Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, Gresiýa jemi gymmaty 80,1 million dollara barabar bolmagyna garaşylýan “Switjhblade 300 Blok 20” kysymly uçarmansyz howa ulaglary bilen birlikde degişli enjamyň satylmagynyň tassyklanandygy nygtaldy.

Beýannamada satuwyň Ýewropanyň syýasy we ykdysady durnuklylygy taýdan möhümdigi nygtaldy we ABŞ-nyň NATO-nyň çägindäki ýaranynyň howpsuzlygynyň goralmagyna goldaw berýändigi bellenildi.

Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada şeýle hem, satuwyň Gresiýanyň häzirki we geljekde abanyp bilinjek howplardan goralmagyny maksat edinýändigini we satuwyň sebitdäki esasy harby deňagramlylygy üýtgetmejekdigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär
Türkmenistan Hazar kenarlaryny arassalamkçy bolýar
06.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy
2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy