ABŞ Husileriň Raketa Atandygyny Haber Berdi

ABŞ Husileriň Raketa Atandygyny Haber Berdi

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdeligi X sosial media platformasyndan bu barasynda habarnama berdi.

Husileriň düýn Gyzyl deňizdäki “USS Laboon” gämisine ballistiki raketa atandygy aýdylýan beýannamada, ABŞ kolisia degişli gämi bilen Husileriň gözegçiligindäki sebitden atylan raketany urup düşürendigi mälim edildi.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerine garşylyk hökmünde 31-nji oktýabrdan bäri Ýemeniň deňiz giňişliginde Ysraýyl firmalaryna degişlidigi beýan edilýän söwda gämilerini saklaýar we käbirlerine dronlar hem-de raketalar bilen hüjüm guraýar.

Husileriň aksiýalaryndan soň köp sanly gämiçilik firmasy Gyzyl deňizdäki gatnawyny bes etmek hakynda karara geldi.

Ýene degişli makalalar

Ýemende 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Türkiyäniň Dini Gaznasy Gwineýa Bissauda mätäç 1000 maşgala azyk paketlerini paýlady
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy
Ýemeniň suw giňişliginde gaýyk batdy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Husiler 3 Gämini Nyşana Aldy