ABŞ Nigerden Dolulygyna Çekildi

ABŞ Nigerden Dolulygyna Çekildi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi bilen Nigeriň Goranmak ministrligi beren bilelikdäki beýannamasynda Pentagonyň ýurtdaky soňky harby bazasy bolan Agadez şäherindäki 201-nji Awia bazasyny Nigeriň harby ýolbaşçylaryna tabşyrandygyny beýan etdi.

Ýurtdaky harby gullukçylaryň we enjamlaryň yza çekiliş işleriniň tamamlanmagy üçin iki ýurduň arasyndaky utgaşyklygyň dowam etjekdigi nygtalyp “ABŞ-nyň we Nigeriň ýaragly güýçlerinin arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk hem-de aragatnaşyk bu tabşyryş-kabul ediş tapgyrynyň meýilleşdirilen möhletden öň gutarmagyny üpjün etdi” diýilýär.

201-nji Awi bazadaky hangarlardan birinde geçirilen dabarada okalan bilelikdäki beýannamadan soň bazanyň tabşyrylmagy hakyndaky resminamalara degişli resmiler tarapyndan gol çekildi.

Niger, 17-nji martda ABŞ bilen 12 ýyl ozal gol çekilen harby hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnamany bes edip, Amerikan esgerleriniň gysga möhletde ýurtdan gitmegini talap edipdi.

ABŞ, harby güýçleriniň 15-nji sentýabra çenli Nigerden doly çekiljekdigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

“Yrakdan Çekilmek Niýetimiz Ýok”
Baýden Putin Ukrainadan Çekilýänçä Çaknyşyklaryň Bes Edilmejekdigini Aýtdy
Hytaýda 6 Aý Soň Kovid-19 Sebäpli Adam Pidasy Çekildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Peskow Russiýanyň Ukrainadan Täze Ýyla Çenli Çekilmejekdigine Ünsi Çekdi
Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi