ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Müsürde Saparda Boldy

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Müsürde Saparda Boldy

Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleriniň gysga wagtda bes edilmegi barada pikir alyşdy.

Müsüriň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Şukri, Blinken bilen paýtagt Kairde duşuşdy.

Duşuşykda, Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin ediljek tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şukri bilen Blinken, Ysraýylyň Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherine gurajak hüjüminiň uly ýitgi çekilmegine sebäp boljakdygyny nygtady.

Duşuşykda Müsüriň, palestin halkynyň zor başga ýurda ugradylmagyna garşydygy ýatladyldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 31 müň 988, ýaralananlaryň sany hem 74 müň 188 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 183 Günden Bäri Gaza Ölüm Ýagdyrýar
Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary
Türkiýäniň Prezidenti resmi sapar bilen Müsüre bardy