ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio türkmenistanlylary Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio türkmenistanlylary Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň 27-nji sentýabrda ýurt garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny bellemegi mynasybetli, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 26-njy sentýabrda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Marko Rubionyň resmi beýanatyny çap etdi.

Döwlet sekretary beýanatda Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýandygyny aýtdy we Waşingtonyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga strategiki ygrarlylygyny tassyklady.

Beýanatda Birleşen Ştatlaryň "Ozalkylary ýaly, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldamakda ygrarly boljakdygy" nygtalýar.

Döwlet sekretary umumy bähbitleri we özara ykdysady ösüşi ilerletmek üçin bilelikde edilýän tagallalary aýratyn nygtap, hyzmatdaşlygyň iki sany möhüm platformasyna ünsi çekdi:

C5+1: Şu ýyl ABŞ we Türkmenistan C5 + 1 diplomatik platformasy (Merkezi Aziýa we ABŞ) arkaly parahatçylygy we abadançylygy ösdürmegiň on ýyllygyny belleýär;

B5+1: Ykdysady hyzmatdaşlyk ilerledilýär, hususan-da, özara ykdysady ösüşi höweslendirýän B5+1 Işewürler Forumy arkaly ösdürilýär.

"Birleşen Ştatlar Türkmenistan bilen köp ýyllyk netijeli we öndürijilikli hyzmatdaşlyga bil baglaýar. Garaşsyzlyk günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn" diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary gutlagyny jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa amerikaly ministriň beýanatyny tankyt etdi
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Rubio Ilkinji Duşuşygyny Geçirdi
Waşingtonda ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi
ABŞ we Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelerini geçirdiler
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar