ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman, Russiýa-Ukraina söweşini ara alyp maslahatlaşmak üçin mart aýynyň 4-11-i aralygynda Türkiýede, Ispaniýada, Marokkoda, Alžirde we Müsürde saparda bolar.
Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýnnamada, Şermanyň Stambulda we paýtagt Ankarada möhüm duşuşyklar geçirjekdigi nygtaldy.
Beýannamada saparyň çäginde Şermanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal bilen birlikde beýleki ýobaşçylar bilen duşuşjakdygy nygtaldy.
Duşuşyklarda Russiýa-Ukraina söweşi bilen birlikde, ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk we Ukraina goldaw berilmegi meselesiniň seljeriljekdigi ýatladyldy.
