ABŞ-nyň Federal kazyýeti USAGM-e AÝ/AR üçin aprel aýyna degişli serişdeleri goýbermegi buýurdy

ABŞ-nyň Federal kazyýeti USAGM-e AÝ/AR üçin aprel aýyna degişli serişdeleri goýbermegi buýurdy

Birleşen Ştatlaryň Federal kazyýeti ABŞ-nyň Global Media agentligine (USAGM) Kongres tarapyndan tassyklanan serişdelerden Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) aprel aýy üçin degişli puly geçirmek barada karar çykardy. Bu karar ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe halkara ýaýlymlarynyň işlerini çäklendirmek baradaky jedelli ýagdaýlaryň arasynda çykaryldy.

ABŞ-nyň etrap kazysy Roýs Lambertiň 29-njy aprelde çykaran wagtlaýyn çäklendirme kararynda “gürrüňi gidýän pul serişdeleriň AÝ/AR üçin Kongres tarapyndan bölünip berlendigi” we prezident Donald Trampyň degişli býujet kararyna gol çekendigi bellenilýär.

“Kazyýetiň bu günki karary Kongresiň AÝ/AR üçin ýyllyk bölüp berýän serişdelerinden bir aýlyk maliýeleşdirmegiň goýberilmegini üpjün edýär. Munuň netijesinde biziň žurnalistlerimiz diktatorlary we awtoritar režimleri jogapkärçilige çekmek işlerini dowam etdirip bilerler” diýip, AÝ/AR -nyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Stiwen Kapus aýtdy.

“Biz aprel aýyna degişli gijikdirilen serişdeleriň tiz wagtda gelip gowuşmagyna umyt edýäris, sebäbi AÝ/AR bu aýda işgärleriniň sanyny azaltmaga we Amerikanyň milli howpsuzlygy üçin möhüm bolan sebitlere ýetirýän gepleşikleriniň möçberini kemeltmäge mejbur boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň Global Media agentligi garaşsyz hökümet agentligi bolup, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, “Amerikanyň sesi” we Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän beýleki halkara habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyrýar. Olaryň ýaýlymlary hepdelik esasda dünýäniň dürli ýurtlarynda 361 million töweregi diňleýjä 50-ä golaý dilde ýetirilýär.

Prezident Donald Trampyň 14-nji martda ýedi agentligi, şol sanda Global Media agentligini çäklendirmek baradaky gol çeken kararyndan birnäçe sagat soň, USAGM Kongres tarapyndan tassyklanan AÝ/AR-yň 2025-nji býujet ýylyna degişli maliýeleşdirilmesini bes edendigini mälim edipdi. Bu býujet ýyly 30-njy sentýabrda tamamlanýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu ädimi bikanun hasaplap, USAGM-e garşy kazyýet işini gozgady.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 23 ýurduň, şol sanda Belarus, Ukraina, Eýran, Owganystan we Russiýa ýaly döwletleriň tas 50 million diňleýjesine 27 dilde garaşsyz, senzurlanmadyk habarlary ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň žurnalistine edilen hüjüm Türkmenistanyň BMG-däki ynandyrmalaryny ýalana çykarýar
Meýlis bozujy: Türkmen prezidenti Merkezi Aziýa sammitinde görünmez
Korrupsiýa garşy göreşmeýän “Anti-korrupsiýa” kampaniýalary
Yrak: YD söweşijileriniň ýesir "aýallarynyň' arasynda türkmenistanly zenanlaryň bardygy aýdylýar
MA hukuk goraýjy guramalarynyň ÝHHG-nyň adam hukuklary baradaky ýyllyk konferensiýasyna beýanaty
Türkmenistana terror toparlary wehim salýarmy?