Ukraianyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ABŞ-nyň Ukraina berjek täze harby kömegi sebäpli sagbolsun aýtdy.
Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, Ukraina baran ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen bolan duşuşygy hakynda maglumat berdi.
ABŞ-nyň Goranmak ministri bilen bolan duşuşygynda Russiýa garşy dowam edýän söweş we operasiýalaryň güýçlendirilmegi meselesi hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Zelenskiý, “Ýurdumyza täze harby kömegiň berilmegini tassyklan ABŞ-na sagbolsun aýdýaryn” diýdi.
Wladimir Zelenskiý, duşuşykda Ukrainanyň Gara deňizdäki operasiýalary we eksport koridorynyň goralyp saklanmagy meselesini hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.
ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada hem Ukrainanyň howpsuzlygy üçin 100 million dollarlyk goranyş kömeginiň beriljekdigi ýatladyldy.
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy üçin görkezme beripdi we şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.