ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow penşenbe güni Aşgabatda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçisiniň rezidensiýasynda geçirilen resmi metbugat ýygnagynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda alyp barýan işini tamamlap, özüniň maşgalasy bilen ABŞ-a yzyna dolanjakdygyny aýtdy.

Metbugat ýygnagynda ilçi Metýu Klimow Türkmenistanda alyp barýan işiniň ähmiýeti barada aýdyp, ýurtda dört ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesinde işleýändigini belläp, bu mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi.

ABŞ-nyň ilçisi 2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda wajyp ösüşleriň gazanylandygyny nygtady. Ilçi öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hyzmat eden ýokary derejeli ýygnaklara we üstünliklere ýokary baha berdi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi 2023-nji ýylyň ýokary derejeli duşuşygy hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşygy görkezdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen ýokary derejeli geňeşmeleri geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiziň syýasatynyň maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisini kabul etdi
Ýokary derejeli amerikan diplomaty: Türkmenistan-ABŞ gatnaşyklary köp ugurlarda ösýär
ABŞ-nyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar eder
Raşid Meredow ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň baş müdiri bilen duşuşdy