ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ysraýyla Duýduryş Berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ysraýyla Duýduryş Berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ýurdunyň, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda iki döwletli çözgüde zeper ýetirjek syýasatlara garşy durmaga dowam etjekdigini mälim etdi.

Baýden, Premýer-ministr Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky şäriklik hökümetiniň Ysraýylyň Mejlisinde ynam sesini almagy barada ýazmaça beýannama berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, “Eýran tarapyndan abanýan howplar bilen birlikde Ysraýylyň we Ýakyn Gündogaryň başdan geçirýän kynçylyklaryna garşy göreşmek üçin onlarça ýyllyk dostum Premýer-ministr Netanýahu bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýaryn” diýdi.

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda howpsyzlygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýändigini nygtan Baýden, bu garaýşa goldaw bermek üçin Ysraýyl we Palestina bilen birlikde sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlar bilen işleşýändigini we Premýer ministr Netanýahunuň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet bilen işleşmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Baýden “Wezipäme başlan ilkinji günümden bäri ABŞ, iki döwletli çözgüde goldaw berýär we şol çözgüde zeper ýetirip biljek syýasatlara garşy durmaga dowam eder” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi
Dünýä Gazada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi