ABŞ-nyň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine Elizabet Rud hödürlendi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine Elizabet Rud hödürlendi

ABŞ-nyň prezident Jo Baýden Elizabet Rudy (Elizabeth Rood) Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine hödürledi diýip, Ak tam 3-nji awgustda habar berdi.

Rud iňlis dilinden başga fransuz, rus, nemes, puştu, dari we gürji dillerinde gürleýär.

Geňeşçi-ilçi derejesindäki ýokary derejeli diplomat, ABŞ-nyň daşary diplomatik edarasynda uzak wagt bäri işleýän Elizabet Rud şu ýylyň iýun aýyndan bäri Moskwada, ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär.

Rud Moskwa gelmezinden öň ABŞ goşunynyň Harby kolležinde mugallym-geňeşçi bolup işledi.

Ol şondan öň, 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Tbiliside, ABŞ-nyň Gürjüstandaky ilçihanasynda diplomatik wekilhananyň başlygynyň orunbasary, 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Kabulda, ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi bolup işledi.

Rud Döwlet departamentiniň birnäçe býurosyna, şol sanda Halkara howpsuzlygy we ýaraglary ýaýratmazlyk býurosynyň ýanyndaky eksport gözegçiligi hyzmatdaşlygy edarasyna, Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri býurosynyň ýanyndaky Kawkaz meseleleri we sebitara konfliktleri bölümine, Daşarky gulluk institutynyň Durnuklylyk amallary bölümine ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle-de, Rud ABŞ-nyň Pakistanyň Peşawar şäherinde ýerleşýän baş konsullygynyň müdiri bolup işledi.

Ol Owganystanyň Paktika sebitinde ABŞ-nyň sebit dikeldiş toparynda Döwlet departamentiniň wekili, ABŞ-nyň Dagly-Garabag, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Prednestrowýe bilen baglanyşykly konfliktler boýunça ýörite gepleşikçisiniň orunbasary weziplerinde hem tejribe toplady.

Bulardan başga, Elizabet Rud Awstriýanyň Wena şäherindäki Halkara guramalaryna wekilçilik edýän ABŞ missiýasynda, ABŞ-nyň Germaniýanyň Dýuesseldorf şäherindäki baş konsullygynda, ABŞ-nyň Wenadaky we Moskwadaky ilçihanalarynda dürli wezipelerde işledi.

Rud, öz işinde gazanan uly netijeleri üçin Döwlet departamentiniň ençeme sylagyna, şol sanda diplomatik gullugyň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin berlen üç baýraga mynasyp boldy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri Mätýu Stiwen Klimow (Matthew S. Klimow) ýerine ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
Jozef Baýden Türkmenistana täze ilçi bellemekçi
Elizabet Rud ABŞ-niň Türkmenistandaky täze ilçisi bellendi
Baýden ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgäri yglan etdi
Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgär görkezildi
“Booker” baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi