ABŞ-nyň ykdysadyýetine maýa goýumlary 21 trillion dollara ýeter

Amerikan ykdysadyýetine maýa goýumlary şu ýylyň ahyryna çenli, takmynan, 21 trillion dollara ýeter. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamda Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen geçiren gepleşiklerinde mälim etdi.

-Ýylyň dowamynda ABŞ-a maýa goýumlarynyň möçberi 21 trillion dollara ýeter – diýip, Tramp aýtdy. Şeýle hem, ol Saud Arabystanynyň Amerika ykdysadyýetine 600 milliard dollar maýa goýmaga razy bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

-Sebäbi Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy meniň dostum, ol bu görkezijini trilliona çenli ýetirip biler, ýöne men onuň bilen bu ugurda işlemeli bolaryn” diýip, amerikan lideri belledi.

Mundan başga-da, Tramp öz tagallalarynyň ABŞ-da ýangyjyň bahalarynyň dowamly pese gaçmagyna getirjekdigine ynanýandygyny bildirdi. Meniň pikirimçe, benziniň 1 gallonynyň bahasynyň 2 dollar bolandygy görersiňiz – diýip, Prezident aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy