ABŞ Russiýa bilen söwdany artdyrdy

ABŞ Russiýa bilen söwdany artdyrdy

Geçen 2023-nji ýylyň noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Russiýadan import eden harytlarynyň möçberi 362,4 million dollara, Russiýa Federasiýasyna eksporty 69 million dollara çenli artdy. Bu barada ýurduň Statistika edarasyna salgylanýan Trend ýazýar.

Çap edilen maglumatlara laýyklykda, Russiýadan harytlaryň importy 2023-nji ýylyň oktýabry bilen deňeşdirilende, 32 göterim ýokarlanyp, 274,4 mln dollary düzdi. Şeýle hem noýabrda ABŞ-dan Russiýa eksport 69 mln dollara ýetdi, bu oktýabr aýyndakydan 98,3 göterim köpdür diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

2023: Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda €230 milliona golaýlady
Türkiýe kofäni 146 ýurda eksport edýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkiyäniň Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi artdy
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar