ABŞ Russiýanyň Krym Tatarlaryny Tussag Etmegini Ýazgardy

ABŞ Russiýanyň Krym Tatarlaryny Tussag Etmegini Ýazgardy

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň metbugat sekretary Ned Praýs beren beýanatynda; “ABŞ 4-nji sentýabrda Krym Tatar Milli Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Neriman Jalal bilen 45 Krym tatarynyň Krymdaky rus basybalyjy güýçleri tarapyndan tussag edilmeini berk ýazgarýar. Rus basybalyjy edarasyny tussag edilenleri dessine boşatmagy üçin çagyryş edýäris” diýdi.

Bu tussag etmäniň Krym Tatar Milli Mejlisine garşy syýasy basyşlaryň, tussag etmeleriň we jezalandyryjy öňüni almalaryň soňky mysalydygyna ünsi çeken Praýs; “23-nji awgustda Krym Platformasynyň sammitinde-de beýan edişimiz ýaly Krym Ukrainadyr we ABŞ Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine üýtgewsiz goldawyny dowam etdirýär” diýdi.

Rus güýçleri Krymda, Krym Tatar Milli Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Neriman Jalal bilen 45 Krym tataryny tussag edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýanyň günortasynda porty we nebit ammaryny nyşana aldy
Ukraina, Kryma Raketa Hüjümini Gurady
Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň möhledini uzatdy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi
Biziň halkara üstünligimiz
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
Durnukly we Iş Ýüzüne Geçirilme Aýratynlygy Bolan Parahatçylyk Üçin Tagalla Edildi