ABŞ Täjigistany we Türkmenistany dini azatlyklary bozýanlaryň sanawyna goşdy. Özbegistan ýörite sanawdan çykaryldy

ABŞ Täjigistany we Türkmenistany dini azatlyklary bozýanlaryň sanawyna goşdy. Özbegistan ýörite sanawdan çykaryldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Täjigistany we Türkmenistany “dini azatlyklary sistematik görnüşde, yzygiderli we gödek bozýandyklary” üçin aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna goşdy.

Şeýle-de, ABŞ Russiýany we beýleki üç ýurdy Komor adalaryny, Kubany, Nikaraguany “dini azatlyklaryň agyr bozulmagyna” gatnaşan ýa-da olara ýol beren hökümetler üçin niýetlenen Ýörite gözegçilik sanawyna goşdy. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo tarapyndan çap edilen beýanatda aýdylýar diýip, “Amerikanyň sesi” habar berýär.

“Birleşen Ştatlar 1998-nji ýyldaky Halkara Dini Erkinlikler Kanunynyň kesgitlemesine laýyklykda, Birmany, Hytaýy, Eritreýany, Eýrany, Nigeriýany, Demirgazyk Koreýany, Pakistany, Saud Arabystany, Täjigistany we Türkmenistany “dini azatlyklaryň sistematik görnüşde, yzygiderli we gödek bozulmagyna” gatnaşandyklary ýa-da ýol berendikleri üçin aýratyn alada döredýän ýurtlar hökmünde kesgitleýär” diýlip, Döwlet departamenti tarapyndan ýaýradylan maglumatda bellenilýär.

Bu aralykda, Sudan we Özbegistan, “bu ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan soňky bir ýylda amala aşyrylan möhüm, anyk öňegidişlikler” esasynda, Ýörite gözegçilik sanawyndan çykaryldy diýlip, maglumatda aýdylýar.

“Olaryň [bu ýurtlaryň] kanunlaryndaky we tejribelerindäki batyrgaý özgertmeler beýleki ýurtlar üçin görelde bolup durýar” diýip, Pompeo belleýär.

Maglumatda Birleşen Ştatlar “bütin dünýäde dini esasly hyýanatçylyklary we yzarlamalary ýok etmek üçin ýadawsyz işlemegini we her bir adamyň, hemme ýerde, elmydama wyždanyň buýruklaryna laýyklykda ýaşamaga hukugynyň bardygyny üpjün etmek üçin kömek etmegini dowam etdirer” hem diýilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany dini azatlyklar boýunça 'Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň' sanawyna täzeden goşdy
ABŞ-nyň döwlet sekretary Türkmenistany din azatlygyny bozujylaryň sanawyna goşdy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Malaýziýada, Singapurda we Indoneziýada saparda bolar
ABŞ-nyň ,Eýrana garşy iň ýokary basyşynyň şowsuz kampaniýasynyň dowamy
ABŞ senatory: Pompeonyň Eýran bilen gepleşik geçirmek üçin şertleri ýerine ýetirilmedi
Hatibzadeh: Pompeonyň iň ýokary basyşy iň ýokary şowsuzlyga ýetdi