ABŞ Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy

ABŞ Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2025-nji ýylyň iýun aýynda girizilen wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy. Bu karar Ak tam tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabr aýynda çap edilen täze proklamasiýada resmi taýdan tassyklandy.

Resminamada bellenilişi ýaly, soňky döwürde Türkmenistan şahsyýeti tassyklamak we maglumat alyşmak ulgamlaryny kämilleşdirdi, şeýle-de migrasiýa we howpsuzlyk meseleleri boýunça ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Munuň netijesinde, öň ulanylan çäklendirmeler gaýtadan seredildi we ýumşadyldy.

Gaytadan açylan wizalar:

Täze karara laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary üçin ABŞ-a girmek aşakdaky wagtlaýyn wizalar boýunça gaýtadan rugsat berildi:

• B-1 (işewürlik wizasy) Iş duşuşyklaryna, gepleşiklere, maslahatlara we beýleki işewür çärelerine gysga möhletli gatnaşmak üçin. • B-2 (syýahatçylyk wizasy) Syýahat etmek, garyndaşlara baryp görmek, bejergi almak ýaly maksatlar üçin. • B-1/B-2 (utgaşyk wiza) Işewürlik we syýahatçylyk maksatlaryny bilelikde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. • F (talyp wizasy) Uniwersitetlerde, kollejlerde we dil okuw merkezlerinde bilim almak üçin. • M (hünär okuw wizasy) Tehniki we hünär ugurlary boýunça okuwlar üçin. • J (alyş-çalyş wizasy) Tejribe, okuw, ylmy-barlag we medeni alyş-çalyş maksatnamalary üçin.

Bu çözgüt Türkmenistanyň raýatlaryna görkezilen wiza görnüşleri boýunça ozal hereket eden adaty düzgünlere laýyklykda wiza tabşyrmaga we ABŞ-a wagtlaýyn syýahatlary meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär, ýagny wiza bermegiň umumy talaplary we tertipleri üýtgewsiz galýar.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary, şol sanda grin karta (Green Card) boýunça çäklendirmeler häzirlikçe saklanýar. Amerikan tarapy bu ugurda goşmaça seljerme geçirilýändigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

Tramp Türkmenistana girizilen wiza çäklendirmelerini gowşatdy
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda temalaryň 12-si boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar
Türkmenistanyň uniwersiteti UI GreenMetric World University sanawynda ösüş gazandy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric-2025 dünýä reýtinginiň altyn sanawyna girdi
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli