ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler

ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler

TRT tarapyndan berilen habara görä, 18-23 oktýabrda "Emeli intellekt, ýaýlym we Jemgyýet" temasy bilen geçiriljek "61-nji ABU-nyň baş assambleýasyna" 60-a golaý ýurtdan 400-den gowrak wekil gatnaşar.

Bäş gün dowam etjek çäräniň çäginde, maslahatlar we panelleriň ýany bilen 13-nji ABU TV Aýdym-saz festiwaly hem geçiriler.

2023-nji ýyldan bäri ABU-nyň başlyklygyny ýerine ýetirýän TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajynyň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatlarda, emeli intellekt tehnologiýalarynyň ýaýlymyň geljegini nähili şekillendirjekdigi, sanlylaşdyrma tapgyry we şol özgerişiň jemgyýetçilik täsirleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

13-nji ABU TV Aýdym-saz festiwaly 20-nji oktýabrda Stambulda Lütfi Kyrdar Halkara Kongres we Sergi Köşgünde geçiriler.

Aziýa-Ýuwaş Umman sebitiniň medeni baýlyklaryny sergilejek çäre; 11 ýurduň sungat ussatlaryny bir sahnada jemläp, sebitiň sazly köpdürlüligini tanyşdyrmaga goşant goşmagy maksat edinýär.

Türkiyä Sinan Akçylyň wekilçilik etjek ABU TV Aýdym-saz festiwalyna, TRT Müzik telewideniýe kanalynyň ekranlarynda göni ýaýlym arkaly tomaşa edip bolar.

Telewideniýe, radio we sanly media ugurlarynda 15 görnüşde geçiriljek bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar, ABU Baýrak gowşurylyş dabarasynda beriler.

Ýene degişli makalalar

GENOSID JENAÝATÇYSY YSRAÝYLLY MINISTR MUSULMANLAR ÜÇIN ÝAPYK BOLAN AKSA METJIDINDE REÝD GEÇIRDI
Günüň möhüm habarlary|08.04.2026
Eýranyň döwlet teleýaýlymy atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşylandygyny habar berdi
Makron ABŞ-Eýran ylalaşygynyň Liwany hem öz içine almagy üçin çagyryş etdi
YSRAÝYL TARAPYNDAN 40 GÜN MÖHLET BILEN MUSULMANLARA ÝAPYLAN AKSA METJIDI TÄZEDEN AÇYLDY
YSRAÝYLYŇ GAZANYŇ DEMIRGAZYGYNDA GURAN HÜJÜMINDE AL JAZEERANYŇ HABARÇYSY ÝOGALDY
EÝRAN-YSRAÝYL URŞUNDA ÝARAŞYK DOWAM EDÝÄRKÄ, BEÝRUT YSRAÝYLYŇ GÜÝÇLI HÜJÜMLERINE SEZEWAR BOLDY