Açyk deňiz hakda taryhy ylalaşyga gol çekildi

Açyk deňiz hakda taryhy ylalaşyga 87 ýurt, şol sanda Ýewropa Bileleşigi, Hytaý we ABŞ gol çekdiler diýip, 24KZ habar berýär.

Taslama dünýä ummanynyň bitarap suwlarynda deňiz goraghanalaryny döretmäge mümkinçilik berýär, emma borçly etmeýär. Döwletleriň wekilleriniň gol çekmegi diňe olaryň taslama gatnaşýandyklaryny aňladýar. Ol azyndan 60 ýurt ratifisirlän halatynda güýje girýär. Munuň ýarysy Ýewropa Bileleşiginiň hasabyna üpjün edilip bilner.

Ummanyň has çuňluklaryndan gazylyp alynýan baýlyklaryň köp çykarylmagy, şeýle hem balyk awlamagyň ekologiýa zyýan ýetirýän görnüşleri suwda ýaşaýan jandarlara howp salýar. Täze taslama 2030-njy ýyla çenli deňiz faunasynyň 40 göterimini goramaga mümkinçilik berer diýip, ekologiýany goraýjylar umyt edýärler.

Ýene degişli makalalar

Döwletimiziň Deňiz çäkleriy gtybarly goralýar
Serdar Berdimuhamedow ilkinji gezek dabaraly harby-deňiz ýörişini synlady
Türkmenistan dünýä Harby-deňiz güýçleriniň kuwwatyny görkezýär
Türkmenistan Bakuwdaky halkara demirýol ýük daşamalary boýunça maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady
ABŞ ASEAN-a Girýän Ýurtlara Wehim Salýar