Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär

Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär

Stambul şäheriniň Küçükçekmeje etrabynda Adalat we ösüş partiýasynyň etrap häkimi wezipesine dalaşgär bolan agzasy Aziz Ýeniaýyň saýlawa taýarlyk görmek maksady bilen geçiren çäresinde uzyn nilli ýaraglar we sapança bilen ot açyldy.

Bir adamyň ýaralanan hüjümden soň Polisiýa gullugynyň işgärleri wakalaryň jogapkäri bolan adamlary tapmak üçin operasiýa başlatdy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan hüjüm bilen bagly sosial media hasabyndan beren beýanatynda ýaragly hüjümi ýazgardy.

Prezident Erdogan: "Saýlaw tapgyrynyň saglykly we demokratiýamyza laýyk gelýän ösüşe çydam edip bilmeýänleriň tapgyry zäherlemek bilen bagly tagallalaryna asla rugsat bermeris. Demokratiýamyza, agzybirligimize we raýdaşlygymyza garşy islendik hüjüm maksadyna ýetip bilmez" diýip habar berdi.

Hüjümi sosial media hasabydnan ýazgaran Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş hem: "Demokratiýanyň iň möhüm görkezijileriniň biri bolan erkin saýlaw gurşawynda atylan her bir ok, milli ygtyýara garşy edilen aksiýadyr" diýip belledi.

Demokratiýany nyşana alan islendik aksiýanyň maksadyna ýetip bilmejekdigini aýdan Numan Kurtulmuş: "Hüjümçiler jebisligimize, doganlygymyza asla zeper ýetirip bilmezler" diýip nygtady.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda hüjümi ýazgardy.

Ýene degişli makalalar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly taslamasy barada beýannama berdi
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Özbegistanda saparda bolýar
Jewdet Ýylmaz Ertir Özbegistana Gider
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Jewdet Ýylmaz Şu Gün Ruminiýa Gider