Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar

10-njy dekabr “Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň” kabul edilen güni

Jarnamanyň döreýiş taryhy

XX asyryň I ýarymynda bolup geçen jahan uruşlary dünýä jemgyýetçiligini hökmanylyk güýje eýe bolan, adam hukuklarynyň goragyny üpjün etjek halkara hukuk kadalaryny döretmeklige mejbur etdi.Halkara möçberinde parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasynda dostlugy ýola goýmak, ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen 1945-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy döredilipdi.

Bu halkara guramanyň ýolbaşçylyk etmeginde 1946-njy ýylda adam hukuklarynyň goragyny üpjün etjek resminamany taýýarlamaklyga girişdiler. Şol ýylyň 10-njy ýanwarynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi öz işine başlady.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň birinji mejlisi 1947-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndan 10-njy fewraly aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Leýk-Sakses şäherçesinde geçirilipdir.Geňeşe ýolbaşçylyk etmek Eleonora Ruzwelte ynanylypdyr.

Geňeşe ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Belgiýanyň, Belorussiýanyň (SSSR-iň düzümindedigine garamazda, bu ýurt BMG-niň agzasydy. Ýurduň ady 1991-nji ýylda Belarus diýlip üýtgedildi), Beýik Britaniýanyň, Çiliniň, Eýranyň, Filippinleriň, Fransiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Kubanyň, Liwiýanyň, Müsüriň, Panamanyň, Russiýanyň (şol wagtky SSSR-iň), Urugwaýyň, Ýugoslawiýanyň wekilleri gatnaşypdyr.

Mejlisde halkara resminamany “Hukuklar barada Halkara bill” diýip atlandyrmak göz öňünde tutulypdyr.Jarnamany taýýarlamak üçin 18 adamdan ybarat topar döredilipdir.Işiň netijeli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen Eleonora Ruzweltiň, hytaýly wekil Çan Pen Çunyň, liwanly diplomat we filosof Şarl Maligiň, kanadaly hukukçy Jon Hamfriniň gatnaşmagynda kiçi topar esaslandyrylypdyr.

Jon Hamfrä resminamanyň ilkinji garalama nusgasyny taýýarlamak ynanylypdyr.

Resminamany taýýarlamakda adam hukuklarynyň bar bolan we mümkin bolan ähli görnüşleri hasaba alnypdyr.Halkara jemgyýetçiliginde adam hukuklary bilen bagly hereket edýän ähli resminamalar, syýasy, ykdysady, medeni hukuklar baradaky ýazgylar öwrenilipdir. 1215-nji ýylyň 15-nji iýunynda Angliýada kabul edilen “Erkinlikleriň beýik hartiýasyndan” (“Magna Charta Libertatum”), 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda kabul edilen ABŞ-nyň “Garaşsyzlyk Jarnamasyndan” we 1791-nji ýylda güýje giren “Hukuklar barada Billden”, 1789-njy ýylyň 28-nji awgustynda Fransiýada kabul edilen “Adamyň we raýatyň hukuklary hakyndaky Jarnamadan” peýdalanylypdyr. Şeýle-de şahsy adamlardan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulypdyr.

Jon Hamfri 48 maddadan, 400 sahypadan ybarat bolan resminamanyň nusgasyny ussat hukukçylar topary bilen taýýarlapdyr.

1947-nji ýylyň 9-njy iýunynda Ženewada başlanan BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň ikinji mejlisinde Jon Hamfri tarapyndan taýýarlanan resminama seredilipdir.Resminamany redaktirlemek fransiýaly ussat hukukçy Rene Kassene tabşyrylypdyr.

Rene Kassen iki günüň dowamynda tabşyrygy ýerine ýetirip, logiki taýdan yzygiderli, takyk we düşnükli resminamany taýýarlapdyr.Resminamanyň giriş bölümini preambulasyny ýazypdyr.Girişde resminamanyň esasy ýörelgeleri beýan edilipdir.

1947-nji ýylyň dekabr aýynda Ženewada resminamany taýýarlamaklyga bagyşlanan üçünji mejlis başlapdyr.Mejlise birnäçe halkara guramalaryň Amerikanyň zähmet federasiýasynyň, Halkara parlament birleşiginiň, Gyzyl hajyň halkara komitetiniň, Halkara zenanlar birleşiginiň wekilleri maslahatçy hökmünde gatnaşypdyr.

Bu mejlisde Eleonora Ruzwelt tarapyndan işiň ýygy rejesi taýýarlanyp, ýygnananlar giç agşama çenli resminamany öwrenipdir.Resminamanyň mazmuny boýunça çekişmeler 17-nji dekabra çenli dowam edipdir.Netijede Jarnamanyň üçünji – “Ženewa nusgasy” taýýarlanypdyr.

1948-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň agzalary Nýu-Ýorkda resminamanyň “Ženewa nusgasyny” ara alyp maslahatlaşmak üçin dördünji gezek ýygnanyşypdyrlar. Ýygnananlar Jarnamanyň gutarnykly nusgasyny taýýarlamak we BMG-niň garamagyna hödürlemek işine girişipdirler. Mejlis 18-nji iýunda jemlenipdir. “Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň” gutarnykly nusgasy BMG hödürlenipdir.

1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Parižiň Pale de Şaýo köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynda “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy” kabul edilipdir.Jarnamanyň kabul edilmegini BMG-niň şol wagtky 58 agzasynyň 48-si goldapdyr.

Jarnamanyň kabul edilmegi üçin ses beren döwletler: ABŞ, Argentina, Awstraliýa, Belgiýa, Beýik Britaniýa, Birma, Boliwiýa, Braziliýa, Çili, Daniýa, Dominikan Respublikasy, Efiopiýa, Ekwador, Eýran, Filippinler, Fransiýa, Gaiti, Gresiýa, Gwatemala, Hindistan, Hytaý, Islandiýa, Kanada, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Kuba, Liberiýa, Liwan, Lýuksemburg, Meksika, Müsür, Niderlandlar, Nikaragua, Norwegiýa, Owganystan, Panama, Paragwaý, Peru, Pakistan, Salwador, Siam (häzirki Tailand Patyşalygy), Siriýa, Şwesiýa, Täze Zelandiýa, Türkiýe, Urugwaý, Wenesuella, Yrak.

“Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy” girişden, 30 maddadan ybaratdyr.Resminamanyň asyl nusgasy iňlis dilinde çap edilip, Pale de Şaýo köşgünde saklanýar.Häzirki wagtda Jarnama 500-den gowrak dile terjime edilip, dünýäde iň köp terjime edilýän resminama hasaplanýar.

Eleonora Ruzweltiň, Jon Hamfriniň, Rene Kasseniň, Çan Pen Çunyň, Şarl Maligiň gatnaşmagynda taýýarlanan Jarnama ilkinji gezek, ähli adamlar üçin deň hukuklary we azatlyklary bir resminamada kesgitläpdir.Eleonora Ruzwelt Jarnamany bütin adamzat üçin “Erkinligiň beýik hartiýasy” diýip atlandyrypdyr. 1948-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna” bagyşlanan ilkinji makala ýazylypdyr.

Makalanyň ýazary Rene Kassendir. 1944-nji ýyldan bäri Fransiýada gündelik neşir edilýän “Mond” atly gazetde Rene Kassen Jarnamanyň esasy ýörelgelerini beýan edipdir.

Jarnamanyň mazmuny barada

Jarnamada adam durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan, ähli döwletler tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany hasaplanýan kadalar beýan edilipdir.Jarnamanyň 1-nji maddasy ähli adamlar tarapyndan “Altyn kada” hökmünde ykrar edilen şu sözlemler bilen başlanýar: “Ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat we deň bolup dogulýar”. 2-nji maddada adamyň jynsy, derisiniň reňki, aýal-erkekligi, dili, dini, syýasy ýa beýleki ynamlary, milli ýa-da jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişliligi, emläk gelip çykyşy we beýleki ýagdaýlar ýaly haýsydyr bir tapawutlyklara garamazdan, deň hukuklara we azatlyklara eýedikleri barada nygtalýar.

Bilşimiz ýaly, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary üç topara bölünýär:

Şahsy hukuklar we azatlyklar;

Syýasy hukuklar;

Sosial-ykdysady hukuklar.

Jarnamanyň 3-21-nji maddalarynda adamyň nusgawy raýatlyk we syýasy hukuklary hakynda aýdylýan bolsa, resminamanyň 22-28-nji maddalarynda sosial, ykdysady we medeni hukuklara degişli kadalar beýan edilýär.

Jarnamanyň kabul edilmegi adam hukuklaryny goramak meselesinde ilkinji başlangyç bolupdyr. Soňraky ýyllarda BMG bu mesele bilen baglanyşykly işlerini has-da kämilleşdiripdir. Häzirki wagta çenli BMG tarapyndan adam hukuklaryny goramak bilen bagly 100-e golaý halkara konwensiýalar kabul edilipdir.

Adam hukuklary hakynda BMG-niň konwensiýalary we ylalaşyklary

1965-nji ýylda kabul edilen we 1969-njy ýylda güýje giren “Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýa” (ICERD). Resminama girişden, III bölümden, 25 maddadan ybarat. Häzirki wagtda bu resminama dünýäniň 173 döwletinde kabul edildi. BMG-niň karary bilen 21-nji mart jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmegiň halkara günüdir.

1966-njy ýylda kabul edilen we 1976-njy ýylda güýje giren “Raýatlar we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşyk”. Resminama girişden, VI bölekden, 53 maddadan ybaratdyr. Resminama BMG-niň agza döwletleriniň 172-si tarapyndan kabul edildi.

1966-njy kabul edilen we 1976-njy ýylda güýje giren “Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara ylalaşyk”. Resminama girişden, V bölekden, 31 maddadan ybaratdyr. Dünýäniň 164 döwleti bu resminamany kabul etdi.

1979-njy ýylda kabul edilen we 1981-nji ýylda güýje giren “Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýa” (CEDAW). Häzirki wagtda bu resminama dünýäniň 189 döwletinde kabul edildi. 8-nji mart halkara zenanlar günüdir.

1984-nji ýylda kabul edilen we 1987-nji ýylda güýje giren “Gynamalara we çemeleşmegiň hem-de jezalandyrmagyň rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän görnüşlerine garşy konwensiýa”. Konwensiýa dünýäniň 144 döwleti tarapyndan kabul edildi.

1989-njy ýylda kabul edilen we 1990-njy ýylda güýje giren “Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýa”.Bu konwensiýany dünýäniň 194 döwleti kabul etdi.Resminama 54 maddadan ybarat bolup, onda 18 ýaşa çenli bolan ähli çagalaryň hukuklaryny goramaklyga degişli kadalaşdyryjy namalar beýan edilýär.

BMG-niň karary bilen 1-nji iýun çagalary goramagyň, 20-nji noýabr çaganyň halkara günüdir.

1990-njy kabul edilen we 2003-nji ýylda güýje giren “Zähmet çekýän ähli migrantlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hukuklaryny goramak hakyndaky halkara konwensiýa”.

Resminama girişden, IX bölümden, 93 maddadan ybarat.Häzirki wagtda dünýäniň 51 döwleti bu resminamany kabul etdi.BMG-niň karary bilen 28-nji aprel zähmeti goramagyň, 18-nji dekabr migrantlaryň halkara günüdir.

2006-njy ýylda kabul edilen we 2008-nji ýylda güýje giren “Maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa”.Bu konwensiýa ýer ýüzünde ýaşaýan 650 milliona golaý maýybyň, ýer ýüzüniň ähli ilatynyň 10%-niň hukuklaryny goraýan resminamadyr.

Konwensiýa 50 maddadan ybaratdyr.Dünýäniň 180 döwleti we Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleri bu resminamany kabul etdiler. 3-nji dekabr maýyplaryň halkara günüdir.

2006-njy ýylda kabul edilen we 2010-njy ýylda güýje giren “Ähli adamlary zorlukly ýitmeden goramak hakynda halkara konwensiýa”. Konwensiýa girişden, III bölümden, 45 maddadan ybaratdyr. 30-njy awgust zorlukly ýitmeden ejir çekenleriň halkara günüdir.

BMG-niň adam hukuklaryna bagyşlanan halkara konferensiýalary

1968-nji ýylyň 22-nji aprelinden 13-nji maýyna çenli aralykda Eýranyň Tähran şäherinde BMG-niň tagallasy bilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna bagyşlanan ilkinji halkara konferensiýa geçirilipdir.

Konferensiýa “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň” kabul edilmeginiň ýigrimi ýyllygyna, bu ugurda edilen işlere we öňde durýan wezipelere bagyşlanypdyr.Rene Kassene adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda alyp barýan işleri üçin Nobel baýragy gowşurylypdyr.

1993-nji ýylyň 14-25-nji iýuny aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde BMG adam hukuklaryna bagyşlanan ikinji halkara konferensiýany geçiripdir.Maslahata dünýäniň 171 döwletinden wekiller, 800 sany hökümete degişli bolmadyk birleşmeleriň wekilleri, 7000-den gowrak adam gatnaşypdyr.

Wenada geçirilen bu halkara konferensiýa adam hukuklaryna bagyşlanan iň iri maslahat hökmünde taryha giripdir.Konferensiýanyň esasy gurnaýjysy adam hukuklary boýunça ussat hünärmen Jon Peýs bolupdyr.Adam hukuklaryna bagyşlanan Wena Konferensiýasynda “Wena jarnamasy” we “Hereketleriň milli Meýilnamasy” kabul edilipdir.

Bu resminama demokratiýany we ykdysady ösüşi adam hukuklary bilen bilelikde guramaklyga, zenanlaryň, çagalaryň hukuklaryny goramaklyga çagyrypdyr.Halkara konferensiýanyň çözgüdi esasynda 1993-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarlygy esaslandyrylypdyr. Ýokary komissarlygyň esasy wezipesi ýer ýüzünde adam hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybaratdyr.

Edaranyň işine ýolbaşçylyk edýän ýokary komissary Baş Assambleýa dört ýyl möhlet bilen wezipä belleýär.Ilkinji ýokary komissar Hose Aýýala Lasso bolupdyr. 2018-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bu wezipäni ýerine ýetirmek çilili zenan Mişel Baçelete ynanyldy.

Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (1946 ý).

ÝUNISEF BMG-niň Çagalar gaznasy (1946 ý).

Adam hukuklary barada Ýewropa kazyýeti (1959).

BMG-niň Ykdysady, sosial we medeni hukuklar baradaky Geňeşi (1985 ý).

BMG-niň Gynamalara garşy Geňeşi (1987 ý).

ÝHHG-nyň garamagyndaky demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasy (1990 ý).

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarlygy (1993 ý).

Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary baradaky komissary (1999 ý).

BMG-niň Ähli zähmet çekýän migrantlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hukuklary baradaky Geňeşi (2004 ý).

Adam hukuklarynyň güni Human Rights Day

1950-nji ýyldan bäri BMG-niň Baş Assambleýasynyň teklibi bilen 10-njy dekabr “Adam hukuklarynyň güni” hökmünde bellenilýär. Her ýylda BMG “Adam hukuklarynyň gününiň” temasyny kesgitleýär.

2004-nji ýyl “Adam hukuklary ulgamynda bilim”

2005-nji ýyl “Gynamalar we olara garşy göreşde global tagallalar”

2006-njy ýyl “Garyplyga garşy göreş rehimdarlyk däl-de borç”

2007-nji ýyl “Adamzat mertebesi we adalaty hemmämiz üçin”

2008-nji ýyl “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň” kabul edilmeginiň 60 ýyllygy”

2009-njy ýyl “Dürli-dürlüligi goramak we deňsizligiň soňuna çykmak”

2010-njy ýyl “Dymma… deňsizlige ýok diý!”

2011-nji ýyl “Biziň hemmämiziň umumy baýramymyz bolan Adam hukuklarynyň gününi goldaň!”

2012-nji ýyl “Siziň sesiňiz eşidiler ýaly ediň!”

2013-nji ýyl “Siziň hukuklaryňyz ugrunda 20 ýyl göreş!”

2014-nji ýyl “Ýylyň 365 gününde-de adam hukuklary”

2015-nji ýyl “Hemişe – biziň hukuklarymyz, biziň erkinligimiz”

2016-njy ýyl “Kimdir biriniň hukuklary üçin şu gün göreş!”

2017-nji we 2018-nji ýyl “Deňligiň, adalatyň, adam mertebesiniň goragyna çykalyň!”

Ýuwaş ummanynyň günbatar böleginde ýerleşýän Kiribati döwletinde 10-njy dekabr Milli baýram. 10-njy dekabrda ýurtda “Adam hukuklarynyň güni” baýramçylyk hökmünde bellenilip, şol gün iş güni däldir.

Her ýylyň 10-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynda žurnalistler üçin ýörite baýrak gowşurylýar. Baýrak “Žurnalistika batyrgaý hereket hökmünde” diýip atlandyrylýar.

Jarnama bilen baglanyşykly esasy seneler

1946-njy ýylyň 10-njy ýanwary BMG-niň adam hukuklary baradaky ýörite Geňeşiniň esaslandyrylmagy.

1948-nji ýylyň 10-njy dekabry BMG-niň Baş Assambleýasynda “Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň” kabul edilmegi.

1961-nji ýylyň iýul aýy Londonda “Halkara günä geçme guramasynyň” esaslandyrylmagy.

1968-nji ýylyň maý aýy Tähranda BMG-niň adam hukuklaryna bagyşlanan halkara konferensiýasynyň geçirilmegi.

1971-nji ýyl “Serhetsiz lukmanlar” atly halkara guramanyň esaslandyrylmagy.

1976-njy ýyl Raýatlyk we syýasy hukuklar baradaky halkara ylalaşygyň güýje girmegi.

1978-nji ýyl “Hýuman Raýts Wotç” atly hökümete degişli däl guramanyň esaslandyrylmagy. Gurama adam hukuklarynyň monitoringi, derňew işleri we resminamanyň bozulmgy hakyndaky işler bilen meşgullanýar.

1993-nji ýyl Wenada adam hukuklary barada Bütindünýä konferensiýasynyň geçirilmegi.

1993-nji ýyl Gaagada Halkara tribunalyň esaslandyrylmagy.

1994-nji ýyl Adam hukuklary boýunça ilkinji Ýokary komissaryň bellenilmegi.

2008-nji ýyl Halkara günä geçme guramasynyň Jarnama kabul edilenden 60 ýyl geçenden soň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky ilkinji nutugy çap etmegi.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişi

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri her bir adamyň syýasy, ykdysady, sosial, ruhy-medeni hukuklaryny, azatlyklaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Baş Kanunymyzda Türkmenistanda ilkinji gezek adamyň we raýatyň esasy hukuklary hem-de azatlyklary berkidildi.

Baş Kanunyň 4-nji maddasynda adam, onuň hukuklary we azatlyklary iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edildi.Döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini, hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen 1996-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli instituty döredildi. (Bellik: Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi, iýul, 2018).

Türkmenistan raýat we adam barasynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň ähli kadalaryny ýerine ýetirýär we hormatlaýar.Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde bellenilişi ýaly, Türkmenistanda raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär.

Ol hukuklaryň hem azatlyklaryň esasylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň II bölüminde, 25-nji maddadan 65-nji madda çenli aralykda ozalkydan has giň berkidilýär.Olar şahsy hukuklaryny, syýasy-jemgyýetçilik hukuklaryny, durmuş-ykdysady hukuklaryny hem-de beýleki hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga bolan hukuklar ýaly toparlara bölünýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan 130-dan gowrak halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşýar.Olardan 40-dan gowragy döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meselelerini çözmegiň halkara-hukuk esaslaryny emele getirýär.

Türkmenistan döwleti öz milli kanunçylygynda “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna” we ondan gelip çykýan konwensiýalara esaslanýar.Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulyşmak bilen, özüniň üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny ösdürýär.

1994-nji ýylda Türkmenistan çagalygy, ýaş raýatlaryň bilimini we saglygyny berkitmek meselelerine jogapkärli çemeleşmesini görkezmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, BMG-niň “Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýasyny”, 2010-njy ýylda BMG-niň “Çaga zähmetiniň iň agyr görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda” Konwensiýasyny tassyklady.

Halkara hukuk resminamalaryna esaslanyp 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda “Çaga hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle-de, Esasy Kanunyň rejelenen görnüşine mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşlerine ýol bermezligi göz öňünde tutýan düzgüniň girizilmegi adam hukuklaryny üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Çagalaryň saglygy babatda-da birnäçe döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Muňa “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny”, “Sagdyn ene sagdyn çaga sagdyn geljek” atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany” mysal görkezmek bolar.

1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistan BMG-niň “Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýasyna” goşuldy. Türkmenistanda kanun esasynda milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna garamazdan, adamyň we raýatyň hukuklary deňdir.

1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistan BMG-niň “Raýatlar we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygyny” hem-de onuň fakultatiw teswirnamasyny tassyklady. 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistan bu ylalaşygyň ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna gönükdirilen ikinji fakultatiw teswirnamasyna gatnaşyjy boldy. Halkara hukuk resminamasyndan gelip çykýan bu kada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 32-nji maddasynda berkidildi.

2008-nji ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýada ilkinji bolup, “Maýyplaryň hukuklary hakynda” BMG-niň konwensiýasyny, 2010-njy ýylda bolsa bu resminamanyň fakultatiw teswirnamasyny tassyklady.Türkmenistan beden mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň kanunçylyk taýdan goralmagyny üpjün edýär. “Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda” Türkmenistanyň Kodeksi, Zähmet Kodeksi iş bilen üpjün etmek, zähmeti goramak, bilim, maddy üpjünçilik, durmuş hyzmatlary babatda goşmaça kepillikleri berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda gol çeken “Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakyndaky” Karary esasynda raýatlarymyzyň aýratyn topary ýaşaýyş jaýa bolan isleglerini kanagatlandyrdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin dört gatly köp öýli jaýlar guruldy we olara mugt berildi, saglyklaryny dikeltmäge we gowulandyrmaga mätäçlik çekýän maýyplar, garrylar üçin bolsa Durmuş hyzmatynyň merkezleri we öýe baryp durmuş kömegini bermegiň bölümleri döredildi. 2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň merkezinde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ýokary derejeli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi adam hukuklary hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň nobatdaky güwäsidir.

Türkmenistan gender deňligi babatda birnäçe halkara konwensiýalaryna goşuldy.Olar: Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşini aradan aýyrmak baradaky konwensiýa; Aýallaryň syýasy hukuklary baradaky konwensiýa; Deň gymmatlykly zähmet üçin erkekler bilen aýallaryň deň hak almagy barada zähmeti guramagyň halkara konwensiýasy. 2015-nji ýylda “Zenanlaryň we erkekleriň birmeňzeş hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmegiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Bu kanun Türkmenistanda BMG-niň zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýasynyň esasy düzgünlerini ornaşdyrýar hem-de olara erkekler bilen bir hatarda jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda birmeňzeş hukuklary, şol sanda eneligiň we çagalygyň hukuk goraglylygyny kepillendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda Türkmenistanda Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary döredilipdi.Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, 2011-nji, 2017-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda pudagara toparyň işi we düzümi kämilleşdirildi.

Türkmenistanda adam hukuklary barada halkara konwensiýalar yzygiderli milli kanunçylyga ornaşdyrylýar.Onuň aýdyň mysaly 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegidir.Bu kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizildi we onuň diwany döredildi.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirip, garaşsyz edara hökmünde kanunçylygyň gyşarnyksyz amala aşyrylmagynda gözegçiligi amala aşyrýar. Şeýle-de ýurdumyzda onlarça uzakmöhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemegimiz zerurdyr.

Olar: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy”, “Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy”, “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy” we beýleki maksatnamalardyr.

Bu resminamalar ýurdumyzyň adam hukuklary babatda borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmäge ulgamlaýyn çemeleşmäni döretmäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu adalatly döwlet syýasaty adam mertebesiniň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň ýokary derejede saklanylmagyna, erkin we adalatly jemgyýetiň gurulmagyna gönükdirilendir. Hemmeler üçin ajaýyp geljege tarap gadam urýan hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Läle ALLABERDIÝEWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (1-nji bölüm)
Milli mirasymyzyň halkara derejesindäki dabaralanmasy
Türkmen wekiliýeti “TürkmenistanABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
ХIХ asyra degişli gylyç tapyldy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
12,1 million dollara satyldy