
Gepleşigimiziň bu sanynda bedenimizi 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň birinji maddasy hakynda söhbet etmekçi. Adamlar deň hukukly we erkin dogulýarlar, diýip söze başlaýarys…
2-nji Jahan urşundan soň dünýäniň şeýle agyr betbagtçylyklara uçramazlygy maksady bilen BMG döredilýär.Gurama, ýaraglanma gözegçilik edilmegiň başda durmagynda bilimden saglyga, azykdan daşky gurşawa, durmuşyň ähli ugurlarynda halkara we döwletler üsti gözegçiligi ýola ýogmagy nazarda tutýar.
BMG-niň 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Parižde geçirilen sessiýasynda kabul edem Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy bolsa, gurama tarap bolup durýan döwletleriň bu ugurdaky kanunçylygynyň çägini kesgitleýär.
Jarnama “Adamlaryň ählisi erkin, hormat we hukuklar taýdan deň dogulýarlar.Aň-düşünjesi we wyždanlary bardyr hem-de ikitaraply doganlyk düşünjesine laýyk hereket etmelidirler” maddasy bilen başlaýar.Bu madda bütin adamzat üçin başlangyç ýörelge kabul edilýär we adam hukuklarynyň ähliumumylygyny nygtaýar.
Adam hukuklarynyň hem özenini emele getirýän madda görä adamlar, haýsydyr bir sebäpden jynsy, milli, dini, etniki, dil ýa-da başga haýsydyr bir tapawut sebäpli diskriminasiýa sezewar edilip bilinmez.
Her bir adamyň dogluşdan eýe bolan hormatynyň we abraýynyň ykrar edilmegi adam hukuklarynyň özenidir.Adama hormat goýmak, erkin we deň hukukly dogulma düşünjesiniň merkezinde durýar.Her bir adam düşünjelerini, dini ynançlaryny we ýaşaýyş durmuşyny erkin saýlama hakyna eýedir.
Erkinlik, şahsyň özüni beýan etme we durmuşyny öz islegine laýyklykda ugrukdyrma ygtyýaryny beýan edýär.Deňlik bolsa her bir adamyň şol bir hukuklara we şertlere eýe bolmagyny aňladýar.Ol, hukugyň öňünde deňlik, bilimde şert deňligi we ykdysady şertlerde adalat ýaly ençeme ugura degişlidir.
Bu ähliumumy kadanyň iş ýüzüne geçirilmeginde dünýäde dürli kynçylyklar çekilýän hem bolsa, 1960-njy ýyllara çenli käbir ýurtlarda jyns we millet tapawudyna esaslanýan kanunlaryň bardygy göz öňünde tutulanda, beýannama adamzadyň ýeten düşünje sepgidini görkezmek taýdan iňňän möhümdir.