Adana TEKNOFEST Açyldy

Adanada ilkinji gezek geçirilýän awiasiýa, emeli hemra we tehnalogiýa festiwaly TEKNOFEST dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkiýäniň Tehnalogiýa topary gaznasy bilen Senagat we tehnalogiýa ministrliginiň başda durmaygnda uly tehnalogiýa firmalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen birlikde 128 guramanyň gatnaşmagynda Adana howa menzilinde geçirilýän festiwal dabaraly ýagdaýda açyldy.

Şäherde ilkinji gezek geçirilýän festiwalyň çäginde ylmy maslahatlar bilen birlikde dürli ugurlary boýunça birnäçe çäre geçirler.

Festiwala Türk Ýyldyzlary, SOLOTÜRK, HÜRKUŞ, HÜRJET, Baýraktar Akynjy, Baýraktat TB3 we Atak dik uçarlary hem gatnaşýar.

Fetiwalyň çäginde okuwçylar bilen ilkinji uçuş çäresi hem geçirler.

4 gün dowam etjek festiwalyň çäginde dürli ugurlar boýunça 50 bäsleşigiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiye 2000 km aralyga uçup bilýän, emeli intellekt bilen işleýän kamikaze UHU-ny tanyşdyrdy
Aşgabatda Ýewropa güni bellenildi: medeniýet we dostluk dili terjime talap etmeýär
Türk metbugatnyň gysgaça mazmuny
International Learning Festival (ILF 2024) halkara bilim festiwalyna ýurdumyzyň wekili gatnaşdy
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
TEKNOFEST öz işini tamamlady