Adidas kompaniýasy kömeleklerden taýýarlanan krossowkalary çykarar

Adidas kompaniýasy kömeleklerden taýýarlanan krossowkalary çykarar

Meşhur Adidas brendi krossowka öndürmek üçin materiallar bilen tejribe geçirmegini dowam etdirýär. Daşky gurşawa zyýanly maddalardan ýüz öwürmegiň peýdasyna kompaniýa adaty bolmadyk materialdan taýýarlanan aýakgap bilen assortimentiniň üstüni ýetirmek isledi.

Bolt Threads biotehnologiki kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen material Maýlo (Mylo) diýlip atlandyryldy. “ToDay News Ufa” neşiriniň habar bermegine görä, Stan Smith Mylo kömeleklerden taýýarlanan ilkinji krossowka bolar.Material deri ýaly görünýär we duýulýar, ol islendik reňke we forma eýe bolup bilýär.

Ekologiýa taýdan arassa aýakgap 2021-nji ýylda satuwa çykarylar.Täze materialy döretmek üçin kömelekler Niderlandlaryň çäginde ösdürilip ýetişdiriler.Gyryndylar we organiki birleşmeler dökün hökmünde ulanylar. Ösdürme prosesinde emele gelýän köpükli material gizlin tehnologiýalaryň kömegi bilen ýygnalar we gaýtadan işlener.

Mundan başga-da, kompaniýa sintetiki matalardan tapawutlylykda, kömelekleri ösdürip ýetişdirmek üçin nebit önümleriniň ulanylmaýandygyny aýtdy.Täze önümiň esasy artykmaçlygy galyndylary öndürmeýändigindedir.

Ýene degişli makalalar

‌Býujetçilerden hakyna tutma ýygymçylar üçin 600 manatdan pul ýygnalýar
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Adidas-yň baş ýerine ýetiriji müdiri 2023-nji ýylda wezipesinden gider
Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy
Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi