Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi

Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi

Adidas korporasiýasy Nike şereketini kazyýete berdi we ony öz dokuz patentiniň düzgünini bozmakda günäkärledi. Bu barada Hypebae neşiri habar berýär.

10-njy iýunda Gündogar Tehasyň kazyýetine gelip gowşan talap arzasyna görä, Nike beýleki düzgün bozmalar bilen birlikde, Nike s Run Club, Training Club we SNKRS goşundylaryny goýberip, şeýle hem aýakgaby müşderiniň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýän ulgamly Nike Adapt akylly krossowkalary çykaryp, adidasyň hukuklaryny bozupdyr.

Adidasyň ynandyrmagyna görä, Adapt pikiri 2005-nji ýylda çykan, ylgaw üçin dünýäde ilkinji akylly krossowkalar bolan Adidas_1 sneaker krossowkalaryndan alnypdyr.Mundan hem başga, Nike SNKRS goşundysynyň edil adidas Confirmed-iňkä meňzeş funksiýalary bar, üstesine-de, soňky 2015-nji ýylyň fewralynda, birinji bolsa şol ýylyň maýynda goýberilipdir.

Adidas-yň Nike-dan talap edýän öweztöleginiň takyk möçberi agzalmaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Stol futboly
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar