Ägirt uly ýel turbinasy peýda bolar

Hytaýda önümçilik kuwwaty 18 MWt boljak ägirt uly ýel diňi gurlar. Äpet desganyň gurluşygy tamamlanandan soň dünýäniň iň uly suwüsti ýel turbinasyna bolar.Geçen aý ABŞ-nyň “General Electric” kompaniýasy “Haliade-X” atly ýel bekediniň önümçilik kuwwaty 12 megawatdan (MWt) gowrak boljakdygyny mälim edilipdi.

Bu desganyň 14,7 MWt-a çenli elektrik energiýasyny öndürip biljekdigi barada hem degişli şahadatnama alnypdy. Şeýlelikde bu desga resmi ýagdaýda dünýäniň iň güýçli ýel turbinasyna hasaplandy.Emma onuň bu rekordynyň uzak dowam etmejekdigi mälim edildi.

Munuň sebäbi, Hytaýyň “CSSC Haizhuang” kompaniýasy önümçilik kuwwaty 18 megawat (MW) suwüsti ýel bekedini gurar. “H260” atly bu diňiň periniň diametri 260 metre deň bolar. “Haliade-X”-iň periniň diametri bolsa 220 metr. “H260”-iň diňe periniň uzynlygy “Haliade-X”-iň beýikligine deň. “CSSC Haizhuang” kompaniýasy turbinanyň her bir böleginiň uzakdan getirilmeginiň kyn boljakdygyny göz öňünde tutup, onuň 80 göteriminiň şol bir desgada öndürilýändigini belleýär.

Bu desga 40 müň hojalygy arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeter.

“General Eelectric”, “Siemens” we “Vestas” ýaly bu ugurda iş alyp barýan beýleki kompaniýalar bolsa, häzirki wagtda önümçilik kuwwaty 15MW bolan turbinalary işläp taýýarlaýar.

Atajan Hojalyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýaponiýada dünýäniň iň uly suwüsti ýel turbinasy gurlar
Ýewropanyň iň uly energiýa saklaýyş desgasy işe girizildi
Braziliýada iri Gün bekedi gurlar
Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar
Nemes kompaniýasy Angliýada Gün energiýa bekedi gurar