Ählihalk bag ekmek dabarasy

Ählihalk bag ekmek dabarasy

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistan Bitaraplygyň mekany ýylymyzyň 7-nji noýabrynda güýzki köpçülikleýin bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykly geçirildi.

Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiz türkmen arçasyny oturdyp, bag ekmek işleriniň täze tapgyryna badalga berdi. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyz türkmen arçasynyň nahallarynyň 30 düýbüni oturtdy. Şunça düýp nahallarynyň ekilmeginde çuňňur many bar, çünki munuň özi mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Munuň özi, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň giňden dabaralanýandygynyň, bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine ekologiýa nukdaýnazardan aýratyn ähmiýet berilýändiginiň, bu möwsümiň ýaş nesilleriň halal zähmet ruhunda terbiýelemeginde möhüm orun eýeleýändiginiň, onuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynyň bu asylly işe halkymyzyň mukaddeslik hökmünde hormat goýulýandygynyň we onuň bagtyýar halkymyzyň asylly dessuryny öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň ýaly-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde ekilmegi bellenen 10 million düýp nahala goşmaça 15 million düýp saýaly, pürli miweli we üzüm nahalalaryny oturtmak boýunça Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda gol çeken Karary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň we daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşaýşyň ýaş nesiller üçin terbiýeçilik ähmiýetini wagyz-ündew, köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ähmiýetini we ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň öňde durýan wezipelerini halk köpçüligine yzygiderli wasp etmek boýunça makalalar, oçerkler, hünärmenler bilen söhbetdeşlikler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çap edildi. Şanly ýylymyzyň güýzki ählihalk köpçülikleýin bag ekmek çäresinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary-da işjeň gatnaşdylar.

Olaryň bag ekilýän meýdançasynda guran aýdym-sazly çykyşlarynda döwletimiziň ekologiýa abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlar belent owaz bilen aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Ählihalk bag ekmek dabarasy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy