Äpet galaktikalaryň üsti açyldy

Astronomlar Akmaýanyň galaktikasyndan 62 esse uly bolan iki sany äpet galaktikanyň üstüni açdylar.Bu galaktikanyň bir tarapyndan beýleki tarapyna çenli uzaklygynyň 6,5 million ýagtylyk ýylydygyny mälim etdiler. “Forbes” neşiriniň habaryna görä, Günorta Afrikadaky “MeerKAT” radioteleskopy arkaly anyklanan täze açyş barada “Monthly Notices of the Royal Astronomical Society” žurnalynda ylmy makala çap edildi.

Ylmy toparyň agzasy bolan Keýp Toun uniwersitetiniň hünärmeni, doktor Jakinta Delhaize häzire çenli kosmos giňişliginde ýüzmüňlerçe galaktikanyň üstüniň açylandygyny, olaryň bary-ýogy 831 sanysynyň Akmaýanyň ýolundan 22 esse uludygynyň anyklanandygyny aýdýar. “MGTC J095959.63+024608.6” we “MGTC J100016.84+015133.0” diýlip atlandyrylan galaktikalar äpet radio şöhlesine meňzeşdigi üçin olara radio galaktika diýilýär.

The post Äpet galaktikalaryň üsti açyldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Biler bolsaňyz!..
Başyndan aýagyna çenli 200 müň ýyl
Kosmos barada