Ärdogan ilkinji türk astronawty bilen wideoaragatnaşyk arkaly gürrüňdeş boldy

Ärdogan ilkinji türk astronawty bilen wideoaragatnaşyk arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan wideoaragatnaşyk boýunça ilkinji türk astronawty Alper Gezerawji bilen gürrüňdeş boldy, Gezerawji häzir Axiom-3 (Ax-3) toparynyň düzüminde Halkara kosmos bekedine bardy diýip, Report.az ýazýar.

Ärdogan astronawta üstünlik arzuw edip, onuň bu şowly uçuşynyň türk ýetginjeklerini ruhlandyrjakdygyna umyt bildirdi.

Mümkin, indi onlarça ýaşlarymyz bu pudaga gyzyklanma bildirerler. Türkiýe eýýäm kosmosa çykan ýurtlaryň biri boldy. Bu biziň kosmosdaky işimiz üçin täze tapgyryň başlangyjydyr diýip, Türkiýäniň döwlet Baştutany nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär
Ärdogan 2024-nji ýylda dünýäde adalatyň dabaralanjakdygyna umyt bildirdi
Türkiýäniň Prezidentiniň 9-njy agtygy dünýä indi
Türkiýäniň Prezidenti Täjigistana sapar bilen barmakçy
Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy