Ärdoganyň saýlawdan öňki ýygnanyşygyna 1,7 million adam gatnaşdy

Ärdoganyň saýlawdan öňki ýygnanyşygyna 1,7 million adam gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 14-nji maýda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlary bilen bagly ýekşenbe güni Stambul şäherindäki ýygnanyşygyna 1,7 million adam gatnaşdy diýip, Haber Global neşirine salgylanýan Report.az ýazýar.

Maňa gelip gowşan resmi maglumatlara görä, mitinge 1,7 million töweregi adam gatnaşdy. Eger Stambuluň ýaşaýjylary saýlawlarda meni goldasalar, Prezidenti saýlamak meselesi çözüldi diýse bolar diýip, Ärdogan aýtdy.

Stambuluň öňki Atatürk adyndaky halkara howa menziliniň çägindäki seýilgähde geçen ýurduň liderini goldamak tutumyny Ärdoganyň dolandyrýan Adalat we ösüş partiýasy gurady.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan: Türkiýe ösüşiň täze eýýamynyň bosagasynda ýerleşýär
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Ärdogan Niderlandlar bilen Türkiýäniň arasyndaky oýuna tomaşa eder
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi
Ärdogan saglygy goraýyş we şäher gurluşygy ministlerini çalyşdy
Türk Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ MILLI GORANMAK MINISTRINI KABUL ETDI