AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr ilkinji duşuşygynda utuk ýitirdi

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr ilkinji duşuşygynda utuk ýitirdi

Aşgabadyň Altyn asyr futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2021-däki ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň Hujandy bilen deňme-deň oýnady. Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşykda hasaby ilkinji bolup, Altyn asyr açdy. 15-nji minutda Mihail Titowyň özüne geçiren pökgüsini derwezä dürs gönükdiren Altymyrat Annadurdyýew aragatnaşykçylary öňe çykardy. Ýöne biziň toparymyzyň şatlygy uzak dowam etmedi. 18-nji minutdaky dartgynly oýun pursatyndan soňra emin çep gyragy goragçymyz Berdimyrat Rejebowa gyzyl kart görkezip, oýundan çykardy.

Oýun taktikasyny üýtgetmeli bolan Ýazguly Hojageldiýew şondan 4 minut soňra ýarym goragçy Begenç Akmämmedowy oýundan çykaryp, onuň ýerine goragçy Röwşengeldi Halmämmedowy oýna goýberdi.

Ýöne bu oýunçy çalşygy hem Altyn asyry hala edip bilmedi. 25-nji minutda Hujandyň russiýaly hümüçisi Artýom Serdýuk pökgini Döwletýar Berdiýewiň goraýan derwezesine dürs geçirdi we Hujand hasaby deňledi.

28-nji minutdaky dartgynly pursatda emin ýene bir goragçymyz Mekan Saparowa sary duýduryş kartyny görkezdi.

Bir oýunçynyň azlygy biziň toparymyza 41-nji minutda bildirdi. Şol minutda Hujand hüjümçi Dilşod Bozorowyň geçiren pöküsi bilen 2:1 hasabynda öňe çykdy. Ruhdan düşmedik ildeşlerimiz bary-ýogy 3 minut soňra ýene-de Altymyrat Annadurdyýew bilen hasaby deňlediler. Bu gezek gol pasyny Wezirgeldi Ylýasow geçirdi.

Emin ýer eýeleriniň wekiline ilkinji sary kartyny 45+1-nji minutda görkezdi. Onuň bu gezekki serpaýy ýarym goragçy Abdulmumin Zabirowa nesip etdi.

Duşuşygyň birinji ýarymy 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

57-nji we 58-nji minutlarda Altyn asyryň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ýene iki oýunçyny çalyşdy.Bu gezek goragçy Gurbangeldi Batyrowyň ornuna ýarym goragçy Furkat Tursunowy, hüjümçi Mihail Titowyň ornuna goragçy Güýçmyrat Annagulyýewi goýberdi. 73-nji minutda bolsa Selim Ataýew ikinji goluň asistçisi Wezirgeldi Ylýasowy, Şamämmet Hydyrow Myrat Annaýewi çalyşdy. Ýöne geçirilen oýunçy çalşyklarynyň biri hem Altyn asyra arzyly ýeňşi getirip bilmedi.

Tersine, 86-njy minutda Altyn asyryň ikinji futbolçysy ― goragçy Mekan Saparow oýundan çykaryldy.Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

F toparçanyň beýleki duşuşygynda Nasaf Alaýy 4:0 hasabynda ýeňdi,

Altyn asyr 17-nji maý güni Alaý bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
9 golly oýnuň ýeňijisi “Altyn asyr”
“Altyn Asyr” AFK-nyň toparçalaýyn bäsleşigindäki ilkinji ýeňşini gazandy