Afrine raketaly hüjüm guraldy

Afrine raketaly hüjüm guraldy

Siriýanyň Tel-Ryfat etrabynda basyp alyşlygyny dowam etdirýän ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň, harby oppozisiýanyň gözegçiligi astynda bolan Afrin etrabyna guran raketaly hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýaralandy.

Türkiye serhedine 18 km alysda ýerleşýän Tel-Ryfat etrabyny 6 ýyl bäri basyp alyşlyk astynda saklaýan PKK/ÝPG, asuda ilatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär.

Tel-Ryfatda barlygyny dowam etdirýän terrorçylar, Afriniň günorta-günbataryndaky Terende obasynda öz ýaşaýan ýerlerinden mahrum bolan adamlaryň sygynan briket öýlere 6 raketa atdy.

Terror guramasynyň hüjüminde ýaralanan asuda ilatdan 3 adam, golaýdaky hassahanalara gönükdirildi.

Ekin meýdanlaryna degen raketalaryň sebäp bolan ýangyn raýat goranyş toparlar tarapyndan söndürildi.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
PKK/ÝPG-li 23 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK-a agza ýene-de iki terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi