Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi

Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi

7-17-nji dekabrda Daşkentde (Özbegistanda) Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär. Dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşda Türkmenistandan 11 türgen wekilçilik edýär:

Zenanlar topary: Ýulduz Jumabaýewa (49 kg çenli) Bägül Berdiýewa (49 kg çenli) Polina Gurýewa (59 kg çenli) Gülnabat Kadyrowa (71 kg çenli) Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg çenli).

Erkekler topary: Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli), Maksat Meredow (73 kg çenli), Rejepbaý Rejepow (81 kg çenli) Şatlyk Şöhradow (81 kg çenli) Rüstem Annaberdiýew (89 kg çenli) Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-dan ýokarda).

Türkmenistandan ilkinji bolup 49 kg çenli agram derejesinde Ýulduz Jumabaýewa we Bägül Berdiýewa medal ugrunda ýaryşa goşularlar. Olar A toparda 8-nji dekabrda aşgabat wagty bilen 19:00-da çykyş ederler.

9-njy dekabrda 16:00-da A toparda Seýitjan Mirzaýew 61 kg çenli agram derejesinde çykyş eder. 10-njy dekabrda 19:00-da Maksat Meredow A toparda 73 kg çenli agram derejesinde çykyş eder. 11-nji dekabrda 19:00-da Polina Gurýewa A toparda 59 kg çenli agram derejesinde çykyş eder. 12-nji dekabrda 13:00-da Rejepbaý Rejepow B toparda 81 kg çenli agramda, Şatlyk Şöhradow A toparda 19:00-da çykyş eder. 13-nji dekabrda 10:30-da Rüstem Annaberdiýew B toparda 89 kg çenli agramda ýaryşa goşular.

Gülnabat Kadyrowa A toparda 71 kg çenli agramda ýaryşa çykar. Ýaryş 19:00-da başlar. 15-nji dekabrda 16:00-da Aýsoltan Toýçyýewa A toparda 81 kg çenli agramda çykyş eder. 17-nji dekabrda 16:00-da Hojamuhammet Toýçyýew 109 kg-dan ýokary agramda çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Dünýä çempionatynda türkmenistanly agyr atletikaçylar haçan çykyş eder?
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Kolumbiýada geçjek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy