Ahal Altymyrat Annadurdyýewi düzümine goşdy

Ahal Altymyrat Annadurdyýewi düzümine goşdy

Şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky çykyşyny geçen ýyldakydan güýçlendirmek isleýän Ahal futbol topary milli ýaryşlardaky iň güýçli garşydaşy Altyn asyryň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bilen düzümini güýçlendirdi.

Biz ozal Altymyradyň Altyn asyr bilen hoşlaşandygyny habar beripdik. Resmi bolmadyk maglumatlara görä, hüjümçi öňümizdäki möwsümde Ahalyň üstünlikleri üçin göreşer.

Altymyrat Annadurdyýew uly futbola Ahalda gelipdi. Häzir topara ýolbaşçylyk edýän Guwançmuhammet Öwekow ony uly futbola getiren ilkinji tälimçidir. Ahalda ýyldyzy parlan Altymyrat bir möwsümden soňra Altyn asyra geçdi.

Altymyrat Annadurdyýew häzirki wagtda AFK-nyň kubogynda iň kän pökgi geçiren türkmenistanly futbolçynyň rekordyny özünde saklaýar. 2023 ― 2024-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa ol bu üstünligini yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynda dowam etdirmäge synanyşar.

Ýene degişli makalalar

“Arkadag” topary AFK Çagyryş Ligasynda çärýek finala çykdy
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
'Arkadag' futbol toparynyň üstünligi: Hökümet mejbury çäreler bilen halkara sport ýeňşini gutlaýar
Myrat Ýagşyýew AFK-nyň kubogynda 14-nji goluny geçirdi
Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy