Ahal ― Pahtakor duşuşygynda VAR ulgamyndan peýdalanylar

Ahal ― Pahtakor duşuşygynda VAR ulgamyndan peýdalanylar

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çägindäki Ahal ― Pahtakor duşuşygy üçin Aşgabat stadionynda eminleriň wideoýardam ulgamy (VAR) ornaşdyryldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň taryhynda ikinji gezek bu ulgamdan peýdalanylar. Birinji gezek ulgam ýaryşyň birinji tapgyrynyň çäginde 19-njy sentýabrda geçirilen Ahal ― Al-Feýha duşuşygynda ornaşdyrylypdy.

Duşuşygyň eminleri:

Duşuşygyň baş emini Muhammad Nazmi bin Nasaruddin, kömekçileri ― Muhammad Zairul bin Halil Tan, Mohd Arif şamil bin Abdul Raşid (üçüsi hem Malaýziýadan), ätiýaçdaky emin ― Huseýn Abo Ýehiýa (Singapur), VAR Mohammed Abdulla Mango, AVAR Rýo Tanimato (Ýaponiýa).

Duşuşyk şu gün ― 7-nji noýabrda Aşgabat stadionynda geçiriler. Sagat 19:00-da başlanjak duşuşygyň Türkmenistan: Sport teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp berilmegine garaşylýar.

Duşuşykda Ahal ak, Pahtakor bolsa sary reňkli köýnekçede çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
14.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
28.11.2018 | Awazada ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady
3-nji çempionlygy
08.02.2019 | Türkmenistan - Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk