Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry Aşgabatda we Maryda geçirilen duşuşyklaryň ikisi bilen başlandy.Birinji duşuşyk Maryda tamamlandy, ol ýerde Merw topary ýaryş sanawynyň soňky orunlarda barýan paýtagtyň Köpetdag toparyny kabul etdi.
Oýun dartgynly geçdi.Duşuşygyň ikinji ýarymyna çenli garşydaşlar birek-biregiň derwezesine bir pökgi geçirdiler.Guwanç Berdimyradowyň tora girizen (32-nji minut) pökgüsine myhmanlar Batyr Aşyrowyň dürs urgusy (47-nji minut) bilen jogap berdiler.
Duşuşygyň ykbalyny çözen pursat oýnuň esasy wagtyna goşulan wagtda, 95-nji minutda Guwanç Berdimyradowyň ikinji pökgüsini tora salanda döredi we Merw 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.Bu pökgi G.Berdimyradowyň çempionatyň başyndan bäri duşuşyklarda tora girizen üçünji pökgüsi boldy. Şu ýeňşinden soň Rahmanguly Baýlyýewiň türgenleri 10 utuk bilen üçünji orunda barýan, bir duşuşygy az geçiren Altyn asyr toparynyň yzyndan ýetdi.
Beýleki duşuşyk Aşgabat köpugurly stadionyň merkezi meýdançasynda geçirilip, onda Ahal we Nebitçi toparlary duşuşdy.Bu oýunda hem duşuşygyň ykbaly esasy wagta goşulan wagtda çözüldi. 98-nji minutda Ahal toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew 11 metrlik jerime urgyny ýerine ýetirdi.
Bu jerime urgusy myhmanlaryň goragçysy Begmyrat Arbatowyň pökgini el bilen oýnandygy üçin berildi.Bu pursata çenli bolsa, 90-njy minutda jerime urgusy bellenen nokatdan Ýakupmuhammet Gowşudowyň uran urgusyndan soň, Nebitçi toparynyň derwezesini pökginiň tora girmeginden derwezäniň ýokary kese sütüni halas etdi.
Ahal topary 1:0 hasabynda ýeňip, 11 utuk toplamak bilen ikinji orna çykdy, ýöne ol 15 utuk bilen öňdäki orunda barýan Arkadag toparyndan hem-de üçünji orunda 10 utukly Altyn asyr toparyndan bir duşuşyk köp geçirdi.
Hüjümçi Süleýman Mirzoýewiň şu duşuşykdan soň, geçiren pökgüleriniň sany 4 boldy. Şu görkeziji bilen ol hüjümçileriň bäsleşiginde Mekan Aşyrow (Altyn asyr) we Didar Durdyýew (Arkadag) bilen 2 4 orunlary paýlaşýar. Şu bäsleşikde derwezelere 5 pökgi geçiren (2-si 11 metrlik jerime urgudan) Şagadam toparynyň futbolçysy Serdar Gulyýew öňde barýar.
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry Arkadag Aşgabat we Altyn asyr Şagadam toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.
