Ahal welaýatynyň ekologlary emeli tokaý baglaryny goramak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar

Millionlarça ýylyň dowamynda kemala gelen Köpetdagyň gerişleri türkmen tebigatynyň gözel ýerleriniň biridir. Bu ýerde geografik gelip çykyşy boýunça dürli howa guşaklygyna degişli ösümlikler gabat gelýär, olaryň bir bölegi diňe şu ýerde ösýär, seýrek we dermanlyk ösümlikleriň käbir görnüşleri diňe bir Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna däl, eýsem Tebigaty goramagyň Halkara bileleşiginiň gyzyl sanawyna-da girizilendir.

Häzirki jöwzaly yssy günler sebitleriň hünärmenleri ýangyn howpunyň öňüni almak we tebigy hem-de emeli tokaý baglaryny saklap galmak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.Ahal welaýatynda tokaý zolaklarynyň meýdany uly bolansoň bu ýerde ýangyna garşy uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şu günler bu işe daşky gurşawy goramak boýunça sebit müdirliginiň işgärleri, şeýle hem ýangyn howply döwürde işe kabul edilen işgärler çekildi.

Jöwzaly Gün we howanyň çyglylygynyň pesligi sebäpli otlary guran meýdanlaryň artmagy bilen ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin kiçi traktorlar bilen meýdanlaryň, miweli baglaryň, üzümçilikleriň töweregi sürüldi, dag etegi bilen gara ýollaryň arasynda päsgelçilik zolaklary döredildi.

Ahal welaýatynda sürülen şeýle zolaklaryň uzynlygy dört müň kilometrden-de geçdi.Guran otlar orlup gutaryldy, tehnikanyň barmaýan ýerleriniň oty elde oruldy, meýdanlara suw goýberilýär, beýleki çäreler amal edilýär.

Köpetdagyň etegindäki nokatlarda gözegçi ekologlaryň, IIM-niň işgärleriniň dessin toparlary nobatçylyk çekýärler.Bu çärelere welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri-de çekildi.Gözegçiler baýyrlardan nirede tüsse çykýandygyna ýa-da ot ýakylýanlygyna gözegçilik edýärler.

Olar ses güýçlendirijiler, rasiýalar we dessin aragatnaşyk ulgamlary, dürbiler, ýörüte parkyldadyjylar, ot dörän wagty ony öçürmek üçin serişdeler, ýokary geçijilikli awtoulaglar bilen üpjün edilen.Işjeň düşündiriş işleri geçirilýär: tebigata dynç almaga çykanlara ot ýakmagyň gadaganlygy, özünden soňky zibili ýygnamalydyklary duýdurylýar.

Öte yssy günlere garamazdan dag eteginiň tebigaty, tokaý zolaklary, baglar, üzümçilikler we meýdanlar üçin howply ot tutaşan wagty bolmady. Şunda ýangyn söndürijileriň, ekologlaryň we meýletinleriň hyzmaty uludyr.

Häzirki wagtda esasy wezipe baglary goramak, ýaşajyk agaçlaryň guramagyna ýol bermezlikdir.Güýz aýlary ekologlar täze nahallary ekmegiň aladasy bilen bolarlar, etraplaryň nahalhanalarynda, tokaý hojalyklarynda munuň üçin nahallar taýýarlanylýar.

Nahalhanalar Ahal welaýatynda ýerleşýän Köpetdag we Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanalarynda ýerleşýär.Soňky ýyllarda goraghanalarda daglyk ýerlerde we çölde ösýän ýerli, ozaly bilen Gyzyl kitaba girizilen ösümlikleriň nahallarynyň meýdany giňeldildi, olar soňundan tebigy ösýän ýerlerinde aralyk goraghana zolaklarda ekiler. Şeýle hem olarda ylmy-amaly barlaglar geçirilýär, tohumçylyk, tokaýlary kemala getirmek boýunça gollanmalar düzülýär.

Etraplaryň bäşisinde: Gökdepe, Sarags, Tejen, Bäherden we Ak bugdaý etraplarynda ýerleşýän tokaý ösümlikleri hojalyklary sebiti nahallar bilen üpjün edýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 4-nji tapgyrda Maryda birbada iki duşuşyk geçiriler
Ysraýylyň Gazadaky harby ýitgileri artýar
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
20.03.2019 | Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalar — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşanlary
Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar