Şu günler Ahal welaýatyndaky döwlet awtoulag kärhanasynyň sürüjileriniň ählisinden hökmany saglyk barlaglaryndan geçmek talap edilýär. Sürüjileriň ençemesi barlaglarda “aýdyňlygyň we dogruçyllygyň ýene ýokdugyny, para-berimiň we galplygyň höküm sürýändigini” aýdýar. Bu ýagdaýlar barada sürüjileriň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Häzir “Ahal awtoulag” önümçilik birleşiginiň awtobus, mikro awtobus, taksi we adam daşaýan beýleki ulaglaryň sürüjilerinden, şeýle-de, ýük ulag sürüjilerinden narkologiýa dispanserine analiz tabşyryp, barlagdan geçmek talap edilýär” diýip, ahally döwlet awtobus sürüjileriniň biri aýtdy.
Sürüjileriň sözlerine görä, birleşigiň ýolbaşçylary barlaglaryň sebäbini “howpsuzlyk çäreleri”, şol sanda “adam gatnatmaga howply sürüjileri” anyklamak işleri diýip düşündirýärler.
Ýöne sürüjiler saglyk işgärleriniň tas ählisiniň barlaglardan “öz jübülerini galňatmak üçin” peýdalanýandygyny we galp kepilnamalary hem berýändigini aýdýarlar.
"Raýatlardan pul almagyň ýene bir ýoly"“Peşew analizini tabşyran adamlara 1 sagadyň dowamynda analiziňiz ýetişýär’ diýip aýdýarlar we analiz tabşyran her bir adama psihotropik derman içipsiň’ diýip jogap berilýär. Olar adam gatnatmak howply’ diýip dilden söhbetdeşlikde aýdýarlar. Analiziň arassa çykdy’ diýip ýazdyrmakçy bolsaň, 300 manat para sorýarlar” diýip, ahally ýene bir sürüji aýtdy.
Sürüjileriň sözlerine görä, olaryň kärdeşleriniň arasynda az sanda bolsa-da “psihotropik dermanlary” ulanýanlar hem bar. Olar esasan gartaşan ýaşdaky sürüjiler bolup, olar bil ýa-da aýak agrylaryny aýyrmak üçin, lukmanyň görkezmesi bilen bu derman serişdelerini ulanýarlar.
Şol bir wagtda, sürüjileriň arasynda “psihotropik dermanlary” asla ulanmaýanlar hem köp.
“Muňa garamazdan, dispanseriň saglyk işgärleri sürüjileriň tas ählisine analizleriňiz psihotropik derman ulanýandygyňyzy görkezýär’ diýýärler. Olar özüniň hiç hili derman içmeýändigini aýdyp, analizleriň netijelerini sorag astyna alýan sürüjileri hem diňlemeýärler” diýip, ahally sürüji belledi.
Şol bir wagtda, ol hiç bir analiz tabşyrman, asla barlagdan geçmeýän sürüjilere hem 300 manady beren halatynda, olara barlaglarynyň “arassadygyny” tassyklaýan kepilnamanyň berilýändigini aýdýar.
“Bu medisina barlaglary raýatlardan pul almagyň ýene bir ýoly” diýip, ahally mikro awtobus sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.
"Işini ýitirmejek bolup, karz pul alýarlar"Ol häzirki wagtda sürüjileriň aýlyk haklarynyň güzeran eklemäge zordan ýetýändigini aýdyp, 300 manady dessine çykaryp berip bilmeýänleriň sanynyň hem köpdügini belleýär.
“Bu sürüjiler işini ýitirmejek bolup, dogan-garyndaşlaryndan we tanyş-bilişlerinden karz pul alyp, 300 manat parany berýärler” diýip, ahally sürüji belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda agzalýan birleşikden we saglyk merkezinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlerden hökmany saglyk barlaglaryndan geçmek talaby soňky 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Barlaglar käbir edaralarda ýylyň dowamynda bir, käbirinde-de iki gezek geçirilýär.
Resmiler bu barlaglaryň sebäplerini köplenç “iş düzgünleriniň talaplary, howpsuzlyk we saglyga gözegçilik çäreleri bilen” düşündirýärler.
Şol bir wagtda, býujet işgärleri barlaglarda saglyga seredilmeýändigini, munuň “raýatlardan pul almagyň bir usulydygyny” aýdyp, barlaglaryň dowamynda “para-alym berimiň höküm sürýändigini” belleýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu hökmany barlaglar we munuň töweregindäki meseleler barada gürrüň gozgamaýarlar.
“Transparency International” guramasynyň şu ýylyň fewral aýynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda ýerleşdirilip, korrupsiýa görkezijileri boýunça 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.