Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr

Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr ady bilen aýdym-sazly çäre geçirdi.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Döwlet derejesinde bellenip geçilýän behişdi bedew atlarymyzyň kemala gelşini, halkymyzda giňden ýaýran atçylyk däplerimizi öwrenmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, Gadamy batly bedew, Atda wepa-da bar, sapa-da atly kitaplary toý-baýramlarymyz jemgyýeti jebisleşdirýän, täze üstünliklere we döredijilik işimizde uly badalga bolup durýar.

Bu günki ýaş nesilleri terbiýelemekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar edýär.

Biziň agzybir mekdebimiziň toparlary öz gezeginde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda paýtagtymyzda ýerleşýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sahna meýdançasynda ýylyň hasabat çykyşlary bilen eziz Watanymyzyň häzirki ýeten sepgitlerini wasp etdiler. Her bir çykyş halk döredijilik eserlerini, häzirki zaman mukamlaryny aýratyn joşgunly ýaňlanyp, dabaranyň jemlemesine öwrüldi.

Çärä gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşamak, zähmet çekmek uly bagtdyr, beýik buýsançdyr. Halkymyza şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Belentden ýaňlanan owazlar
Ýaş zehinleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi
Ylmyusuly maslahat
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Ýaşlyk joşguny
Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar